Bir ýyl mundan ozal, Trans Ýuwaş ummanynda söwda hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Bu barada degişli ylalaşyga 2015-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi. Degişli ylalaşygyň çäklerinde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde erkin söwda zolagyny döretmek göz öňünde tutulýar. Ýuwaş ummany ýurtlary dünýä ykdysadyýetiniň 40 göterimini hem-de ählumumy söwdanyň üçden bir bölegini eýeleýär. Şol ylalaşyga 12 döwlet goşuldy. Onuň düzümine Demirgazyk Amerikadan ABŞ, Kanada, Meksika, Günorta Amerikadan Peru we Çili, Aziýadan Ýaponiýa, Malaýziýa, Bruneý, Singapur we Wýetnam hem-de Awstraliýa we Täze Zelandiýa girýär. Bulardan başga-da, Kolumbiýanyň, Filippinleriň we Günorta Koreýanyň bu ylalaşyga goşulmaga isleg bildirýändikleri mälim edildi.
Birleşen Ştatlaryň başlangyjy bilen döredilen ylalaşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem onuň çäklerinde 18 müň haryt üçin gümrük pajynyň ýatyrylmagy meýilleşdirilýär.
ABŞ-daky Peterson adyndaky dünýä ykdysadyýeti institutynyň seljermelerine görä, 2025-nji ýyla çenli bu ylalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlyga gatnaşyjy ýurtlaryň girdejileri 285 milliard dollara çenli artyp, bu ugurdaky eksportuň möçberi 440 milliard dollara deň bolar. Munda Ýaponiýanyň hem-de ABŞ-nyň köpräk peýda görjekdigi çaklanylýar.
2016-njy ýylyň 4-nji fewralynda Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde geçirilen degişli ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň söwda ministrleriniň duşuşygynda resmi taýdan gol çekmek dabarasy boldy. 12 döwletiň arasynda gol çekilen ylalaşygyň ýurtlarynyň öz içinde tassyklanmagy gerek. Onuň hem 2 ýylyň dowamynda tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Trans Ýuwaş ummany hyzmatdaşlyk ylalaşygyna özüniň döwlet baştutanlygy döwründäki gazanan iň uly üstünliginiň biri hökmünde garaýar. Häzir bu ylalaşygy ýurduň öz içinde tassyklatmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.