ABŞ-nyň dünýä belli «Procter & Gamble (P&G)» kompaniýasy özüniň kosmetika önümleriniň söwdasyny amala aşyrmagy “Coty Inc” şereketine berdi. Bu babatda umumy bahasy 11,4 milliard dollara barabar bolan geleşik baglaşyldy.
Geçen ýylyň iýul aýynda kompaniýa kosmetika önümleriniň söwdasyny amala aşyrmak üçin bäsleşik yglan edipdi. Bu ugurda baglaşylan geleşige laýyklykda, kompaniýanyň “Salon Professional”, “Retail Hair Color”, “Cosmetics and Fine Fragrance” brendleriniň söwdasy täze şereketiň gözegçiliginde amala aşyrylar.
“Procter & Gamble” kompaniýasy ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda ýerleşýär. 1837-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň öndürýän önümleri gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Kompaniýanyň önümlerinden “Tide” we “Ariel” ýaly kir ýuwujy serişdeleri, “Pantene” şampuny, “Crest” hem-de “Blend-a-med” diş pastalary giňden meşhurdyr.
«Coty» firmasy bolsa, 1904-nji ýylda Parižde döredildi. Ol hoşboý ysly dürli kosmetika önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Ol “Calvin Klein”, “Chloe”, “Davidoff”, “Marc Jacobs” we “Adidas” ýaly önümleri öndürýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.