Ame­ri­ka­nyň uçar ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan «Boeing» kor­po­ra­si­ýa­sy Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len 100-den gow­rak uça­ryň sar­gy­dy ba­bat­da de­giş­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýär. Bu ugur­da örän go­wy ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lýan­dy­gy­ hem-de 2017-nji ýyl­dan bu ýur­da tä­ze uçar­la­ryň ibe­ri­lip baş­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň baş mü­di­ri Den­nis Mui­len­burg ha­bar ber­di.
Şu ýy­lyň iýun aýyn­da Eý­ra­nyň hö­kü­me­ti bi­len kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da ýo­lag­çy uçar­la­ry­ny sa­tyn al­mak ba­bat­da des­lap­ky yla­la­şyk­lar ga­za­ny­lyp­dy. Sent­ýabr aýyn­da ABŞ-nyň hö­kü­me­ti bu şerekete Eý­ra­na uçar sat­ma­ga rug­sat ber­di. Yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de 100-den gow­rak uça­ryň sa­tyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Onuň umu­my ba­ha­sy 25 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lar.
«Boeing» ra­ýat we har­by awia­si­ýa teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­ýär. Onuň dü­zü­min­de iki sa­ny uly dü­züm­le­ýin fir­ma bar. Ola­ryň bi­ri “Boeing Com­mercial Airp­la­nes” eda­ra­sy bo­lup, ol ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär. “In­teg­ra­ted De­fen­se Sys­tems” eda­ra­sy bol­sa, har­by we kos­mos me­ýil­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Kom­pa­ni­ýa 145 ýur­da uçar sat­ýar. Onuň iş­gär­le­ri­niň sa­ny 159 mü­ňe ýet­ýär.