Hytaý Halk Respublikasyna degişli kompaniýa tarapyndan Afrika yklymyna ilkinji elektrikleşdirilen demir ýol ulgamy çekildi. Ol şu ýylyň 5-nji oktýabrynda ulanmaga berildi. Ol Afrikanyň uly iki döwletiniň paýtagtlaryny özara birleşdirýär. Efiopiýanyň Addis-Abeba şäheri bilen Jibutiniň paýtagty Jibuti şäheriniň arasynda gurlan bu polat ýoly yklymyň esasy iri desgalarynyň biri boldy. Bu döwrebap ulag düzümi halkara ülňülerinde gurlup, sebitiň ilkinji elektrikleşdirilen demir ýoly boldy. Polat ýoluň umumy uzynlygy 752,7 kilometre barabar bolup, bu ugurda gatnajak otlunyň tizligi sagatda 120 kilometre ýeter.