Iki duşuşygynda-da 1–0 hasabynda ýeňdi

Russiýa–2018 Dünýä Kubo-gynyň çäklerinde Azi­ýa zo­la­gyn­da 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­da no­bat­da­ky du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. “A” to­par­ça­da il­ki myh­man­çy­lyk­da Öz­be­gis­ta­ny Ja­lal Hos­sei­ni­niň (27), soň­ra-da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­ny Ser­dar Az­mu­nyň (25) go­ly esa­syn­da 1–0 hasabynda ýe­ňen Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy 1-nji ha­tar­da bar­ýar. Öz­bek­ler 2-nji du­şu­şy­gyn­da Daş­kent­de Hy­ta­ýy Bik­ma­ýewiň (hem-de Şu­ku­ro­wyň top­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan 3–2 (Sung-ýu­en Ki 11, Dong-won Ži 56, Heung-min Syn 58 – Al-Hai­dos 16 p, So­ria 45) ha­sa­byn­da as­gyn ge­len Ka­tar öz meý­dan­ça­syn­da Si­ri­ýa­ny Al-Hai­do­syň 37-nji mi­nut­da­ky pe­nal­ti go­ly bi­len ýeň­di.
G. Ko­re­ýa–Ka­tar: 3–2, Hy­taý–Si­ri­ýa: 0–1, Öz­be­gis­tan–Eý­ran: 0–1; Öz­be­gis­tan–Hy­taý: 2–0, Eý­ran–G. Ko­re­ýa: 1–0, Ka­tar–Si­ri­ýa: 1–0.
* * *
“B” to­par­ça­da esa­sy gö­reş ozal­da­nam ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Awst­ra­li­ýa­dyr Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da do­wam ed­ýär. Sa­ud Ara­bys­ta­nynyň ýy­gyn­dy­sy Awst­ra­li­ýa bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Soň­ra olar öz meý­dan­ça­syn­da BAE-niň to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­di­ler. Sa­na­wyň li­de­ri­niň gol­la­ry­ny Al-Mu­wal­lad (73), Al-Abed (79) hem-de Al-Şeh­ri (90+2) to­ra sal­dy. Awst­ra­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry arap­lar­dan soň, öz meý­dan­ça­syn­da ýa­pon­lar bi­le­nem deň­me-deň oý­nap (1–1, Ýe­di­nak 52 p – Ha­ra­gu­çi 5), ze­rur bo­lan 2 utu­gy ýi­tir­di. 90+5-nji mi­nut­da ge­çir­den go­lun­dan soň, Ýa­po­ni­ýa­dan 2–1 ha­sa­byn­da utu­lan Yra­gyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Tai­lan­dy 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Gol­la­ryň 4-si­ni hem Ab­dul-Ra­him (7, 25, 87, 90+4) öz ady­na ýaz­dyr­dy.
Ýa­po­ni­ýa–Yrak: 2–1, BAE–Tai­land: 3–1, Sa­ud Ara­bys­ta­ny–Awst­ra­li­ýa: 2–2; Awst­ra­li­ýa–Ýa­po­ni­ýa: 1–1, Yrak–Tai­land: 4–0, Sa­ud Ara­bys­ta­ny–BAE: 3–0.

Braziliýa birinji basgançakda

Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da sa­na­wyň li­de­ri üýt­ge­di. Fut­bo­lyň ägir­di Bra­zi­li­ýa 10-njy oýun­lar­dan soň, 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. Olar il­ki öz meý­dan­ça­syn­da Bo­li­wi­ýa­ny 5–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler. 1-nji ýa­rym­da 4 pök­gi sa­lan sam­ba­çy­la­ryň gol­la­ry­ny Neý­mar (10), Kou­ti­nio (25), Fi­li­pe Lu­is (38), Gab­ri­el Je­sus (43) hem-de Fir­mi­nio (75) der­we­zä ýol­la­dy. Dün­ýä­niň 5 ge­zek çem­pio­ny soň­ky du­şu­şy­gy­ny myh­man­çy­lyk­da We­ne­sue­la bi­len ge­çir­di. Gab­ri­el Je­sus we Wil­lia­nyň gol­la­ry bra­zil­le­re ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­dy. Mu­nuň ter­si­ne, soň­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­nal­çy­sy Ar­gen­ti­na­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy Mes­si­siz ýo­wuz gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Olar il­ki myh­man­çy­lyk­da Pe­ru bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy­lar. Fu­nes Mo­ri we Hi­guai­niň gol­la­ry bi­len 2 ge­zek öňe saý­la­nan ar­gen­tin­ler 84-nji mi­nut­da Kue­wa­nyň pe­nal­ti go­lu­ny sak­lap bil­me­di­ler we oýun 2–2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Tan­go­çy­lar soň­ky du­şu­şy­gyn­da öz meý­dan­ça­syn­da Pa­rag­waý­dan 1-0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Pa­rag­wa­ýy saý­la­ma ýa­ry­şyn­da umyt­lan­dy­ran ýe­ke-täk pök­gi­ni 18-nji mi­nut­da Der­lis Gon­za­les der­we­zä sal­dy. Ekwa­dor­dan 3–0 ha­sa­byn­da utu­lan Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy San­tia­go­da Pe­ru­wyň mil­li to­pa­ry­ny Ar­tu­ro Wi­da­lyň (10, 85) gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, sa­naw­da öň­dä­ki­ler­den en­tek yza gal­man­dy­gy­ny gör­kez­di. We­ne­sue­la­ny 3–0 (Lo­dei­ro 29, Ka­wa­ni 46, 79) hem-de Pa­rag­wa­ýy 1–0 (Kar­do­na 90) ha­sa­byn­da utan, de­giş­li­lik­de Ko­lum­bi­ýa bi­len Urug­wa­ýyň öza­ra oý­ny 2-2 (Agui­lar 15, Mi­na 84 – Rod­ri­ges 27, Lu­is Sua­res 73) ha­sa­byn­da deň­me-deň gu­tar­dy.

Ek­wa­dor–Çi­li: 3–0, Urug­waý–We­ne­sue­la: 3–0, Pa­rag­waý–Ko­lum­bi­ýa: 0–1, Bra­zi­li­ýa–Bo­li­wi­ýa: 5–0, Pe­ru–Ar­gen­ti­na: 2–2; Bo­li­wi­ýa–Ek­wa­dor: 2–2, Ko­lum­bi­ýa–Urug­waý: 2–2, Ar­gen­ti­na–Pa­rag­waý: 0–1, Çi­li–Pe­ru: 2–1, We­ne­sue­la–Bra­zi­li­ýa: 0–2.

3-nji tapgyra badalga berildi

Af­ri­ka zo­la­gyn­da-da Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň oýun­la­ry­na-da ba­dal­ga be­ril­di. “A” to­par­ça­da Kon­go DR Li­wi­ýa­nyň ýygyn­dy­sy­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Tu­nis Gwi­ne­ýa­dan 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kdy. Güýç­li ýy­gyn­dy­la­ry özün­de jem­le­ýän “B” to­par­ça­da Ni­ge­ri­ýa myh­man­çy­lyk­da Zam­bi­ýa­ny “Pre­mi­er li­ga­da­ky” oýun­çy­la­ry Iwo­bi (32) we Ihea­na­ço­nyň (42) gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Al­žir bi­len Ka­me­run Su­da­ni (7) we Mu­kand­žo­nyň (24) gar­şy­lyk­ly gol­la­ry esasynda 1 utu­gy paý­laş­dy. “C” to­par­ça­da Ga­bon bi­len Ma­rok­ko­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy to­par­la­ryn­dan Kot-d’Iwuar Ma­li­niň mil­li ýy­gyn­dy­sy­ny Kod­jia, Ko­li­ba­li (ö.d.) hem-de Žer­wi­nio­nyň gol­la­ry esa­syn­da 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “D” to­par­ça­da Bur­ki­no Fa­so bi­len GAR-yň ara­syn­da­ky oýun­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Se­ne­gal Ka­bo Wer­de­den Kei­ta we Mus­sa So­wuň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “E” to­par­ça­da Ga­na-Ugan­da oý­nun­da ha­sap açyl­ma­dy. Mü­sür myh­man­çy­lyk­da Kon­go­ny 2–1 ha­sa­byn­da utup, ýa­ry­şa şow­ly baş­la­dy. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny Mo­ham­med Sa­lah (41) bi­len Ab­dal­lah Sa­id (58) der­we­zä gi­riz­di.

“A”: Kon­go DR–Li­wi­ýa: 4–0, Tu­nis–Gwi­ne­ýa: 2–0; “B”: Zam­bi­ýa–Ni­ge­ri­ýa: 1–2, Al­žir–Ka­me­run: 1–1; “C”: Ga­bon-Ma­rok­ko: 0-0, Kot-d’Iwuar–Ma­li: 3–1; “D”: Bur­ki­no Fa­so–Gü­nor­ta Af­ri­ka: 1–1, Se­ne­gal–Ka­bo Wer­de: 2–0; “E”: Ga­na–Ugan­da: 0–0, Kon­go–Mü­sür: 1–2.

Por­tu­ga­li­ýadyr Belgiýa­dan uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler

A” to­par­ça­da Fran­si­ýa­dyr Gol­lan­di­ýa 2-nji tap­gyr­da gar­şy­daş­la­ryn­dan 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Fransýa Bolgariýa­ny Ga­mei­ro (23, 59), Pa­ýet (26) we Griz­man­nyň (38) gol­la­ry bi­len utan bol­sa, Gollandiýa hem Be­la­ru­sy Pro­mes (2), Klaas­sen hem-de Ýans­se­niň pök­gü­le­ri esa­syn­da ýeň­di. 3-nji tap­gyr­da­ky 2 to­pa­ryň öza­ra du­şu­şy­gyn­da Fran­si­ýa myh­man­çy­lyk­da Gol­lan­di­ýa­nyň Pol Pog­ba­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Il­ki Lük­sem­bur­gy 1–0 ha­sa­byn­da utan Şwe­si­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Bol­ga­ri­ýa­nyň to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­di.
Fran­si­ýa–Bol­ga­ri­ýa: 4–1, Lük­sem­burg–Şwe­si­ýa: 0–1, Gol­lan­di­ýa–Be­la­rus: 4–1; Be­la­rus–Lük­sem­burg: 1–1, Gol­lan­di­ýa–Fran­si­ýa: 0–1, Şwe­si­ýa–Bol­ga­ri­ýa: 3–0.

Ronaldodan 4 gol
“B” to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa hem An­dor­ra­ny (Ro­nal­do 2, 4, 47, 68, Kan­se­lo 44, And­re Sil­wa 86), he­mem Fa­rer ada­la­ry­ny (And­re Sil­wa 12, 22, 37, Ro­nal­do 65, Mou­ti­nio 90+1, Kan­se­lo 90+3) 6–0 ha­sa­byn­da ut­dy. 1-nji oýun­da Kris­tia­no Ro­nal­do 4 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, bu onuň mil­li ýy­gyn­dy­da­ky il­kin­ji po­ke­ri diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. 2-nji du­şu­şyk­da “Por­to­nyň” ýaş hü­jüm­çi­si And­re Sil­wa het-trik edip, to­pa­ry­nyň uly ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­dy. Il­ki Weng­ri­ýa­ny 3–2, soň­ra An­dor­ra­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen Şweý­sa­ri­ýa ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­ni do­wam et­dir­di.
Weng­ri­ýa–Şweý­sa­ri­ýa: 2–3, Lat­wi­ýa–Fa­rer ada­la­ry: 0–2, Por­tu­ga­li­ýa–An­dor­ra: 6–0; An­dor­ra–Şweý­sa­ri­ýa: 1–2, Fa­rer ada­la­ry–Por­tu­ga­li­ýa: 0–6, Lat­wi­ýa–Weng­ri­ýa: 0–2.
“C” to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Ger­ma­ni­ýa säw­lik­siz ýö­ri­şi­ni do­wam et­dir­ýär. 3 oýun­da-da gol ge­çirt­me­dik ne­mes­ler il­ki çeh­le­ri 3–0 (Mül­ler 13, 65, Kroos 49), soň­ra De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­ny 2–0 (Draks­ler 13, Ke­di­ra 17) ha­sa­byn­da ut­dy. To­par­ça­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da Azer­baý­ja­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Hor­wa­ti­ýa­ly Ro­bert Pro­si­neç­ki­niň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki ýy­gyn­dy Nor­we­gi­ýa­ny öz meý­dan­ça­syn­da Mak­sim Med­we­do­wyň 11-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Olar soň­ky oý­nun­da myh­man­çy­lyk­da çeh­ler bi­len 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy.
Azer­baý­jan–Nor­we­gi­ýa: 1–0, Ger­ma­ni­ýa–Çe­hi­ýa: 3–0, D. Ir­lan­di­ýa–San Ma­ri­no: 4–0; Çe­hi­ýa–Azer­baý­jan: 0–0, Ger­ma­ni­ýa–D. Ir­lan­di­ýa: 2–0, Nor­we­gi­ýa–San Ma­ri­no: 4–1.
“D” to­par­ça­da saý­la­ma tap­gy­ry­na şow­ly baş­lan Uels soň­ky 2 du­şu­şy­gy­ny deň­lik­de ta­mam­la­dy. Olar il­ki Awst­ri­ýa bi­len myh­man­çy­lyk­da 2-2 (Ar­nau­to­wiç 28, 48 – Al­len 2, Wim­mer 45+1 ö.d.), soň­ra öz meý­dan­ça­syn­da Gru­zi­ýa bi­len 1-1 (Beýl 10 – Ok­ri­aş­wi­li 57) ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. To­par­ça­da Ser­bi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýo­ka­ry dep­gin­de çy­kyş ed­ýär. Mol­do­wa­nyň to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­ri­zen serb­ler öz meý­dan­ça­syn­da-da Awst­ri­ýa­ny 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di.
Awst­ri­ýa–Uels: 2–2, Mol­do­wa-Ser­bi­ýa: 0–3, Ir­lan­di­ýa–Gru­zi­ýa: 1–0; Uels–Gru­zi­ýa: 1–1, Mol­do­wa–Ir­lan­di­ýa: 1–3, Ser­bi­ýa–Awst­ri­ýa: 3–2.
“E” to­par­ça­da 8-nji okt­ýabr­da oý­na­lan 3 du­şu­şy­gyň her­sin­de-de 5 gol ge­çi­ril­di. Ru­my­ni­ýa myh­man­çy­lyk­da Er­me­nis­ta­ny, Ga­ra­dag öz meý­dan­ça­syn­da Ga­za­gys­ta­ny 5–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler. 2 oýun­da ge­çi­ri­len gol­la­ryň 10-sy­ny hem dür­li fut­bol­çy­lar öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. Tap­gy­ryň çe­ke­le­şik­li du­şu­şy­gyn­da Pol­şa Da­ni­ýa­ny ka­pi­tan Ro­bert Le­wan­dows­ki­niň het-tri­gi (20, 36 p, 48) bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. 11-nji okt­ýabr­da oý­na­lan du­şu­şyk­lar­da-da je­mi 4 gol der­we­ze­le­re urul­dy. Ga­za­gys­tan bi­len Ru­my­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Pol­şa Er­me­nis­ta­ny Le­wan­dows­ki­niň 90+5-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 2–1 ha­sa­byn­da utup, ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je Da­ni­ýa bi­len Ga­ra­da­gyň ara­syn­da­ky oýun­da ha­sa­ba al­nyp, myh­man­lar Be­çi­ra­jyň 32-nji mi­nut­da­ky to­py esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy.
Er­me­nis­tan–Ru­my­ni­ýa: 0–5, Ga­ra­dag–Ga­za­gys­tan: 5–0, Pol­şa–Da­ni­ýa: 3–2; Ga­za­gys­tan–Ru­my­ni­ýa: 0–0, Da­ni­ýa–Ga­ra­dag: 0–1, Pol­şa–Er­me­nis­tan: 2–1.

“F” to­par­ça­da tä­lim­çi­si Sem Al­lar­daý­syň or­nu­na wagt­la­ýyn­ça Ga­ri Sa­ut­geý­ti we­zi­pä bel­län Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Mal­ta­ny 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Iň­lis­ler soň­ky oý­nun­da Slo­we­ni­ýa bi­len du­şu­şyp, oýun­dan gol se­si çyk­ma­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da Lit­wa bi­len bo­lan du­şu­şyk­da soň­ky mi­nut­lar­da ýeň­liş­den ha­las bo­lan şot­land­lar Slo­wa­ki­ýa­dan 3–0 ha­sa­byn­da utul­dy. Slo­wa­ki­ýa Şot­lan­di­ýa­dan öňür­ti myh­man­çy­lyk­da Slo­we­ni­ýa bi­len du­şu­şyp, oýu­n 1–0 ha­sa­byn­da ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy.
Ang­li­ýa–Mal­ta: 2–0, Şot­lan­di­ýa–Lit­wa: 1–1, Slo­we­ni­ýa–Slo­wa­ki­ýa: 1–0; Slo­we­ni­ýa–Ang­li­ýa: 0–0, Slo­wa­ki­ýa–Şot­lan­di­ýa: 3–0, Lit­wa–Mal­ta: 2–0.
Is­pa­ni­ýa 1993-nji ýyl­dan
bä­ri utu­la­nok
“G” to­par­ça­da soň­ky ýyl­lar­da ýy­gy-ýy­gy­dan ga­bat­laş­ýan Ita­li­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky bu ge­zek­ki du­şu­şyk Tu­rin şä­he­rin­de oý­nal­dy. Buf­fo­nyň uly ýal­ňyş­ly­gyn­dan soň, 55-nji mi­nut­da Wi­to­lo ha­sa­by aç­dy. 82-nji mi­nut­da mil­li to­par­da­ky 100-nji du­şu­şy­gy­ny oý­nan Da­nie­le De Ros­si pe­nal­ti­den ha­sa­by deň­le­di. Is­pan­lar soň­ky du­şu­şy­gyn­da Al­ba­ni­ýa­dan Die­go Kos­ta we No­li­to­nyň gol­la­ry esa­syn­da üs­tün çyk­dy. Şun­luk­da, Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň 1998-nji Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­dan bä­ri Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň saý­la­ma oýun­la­ryn­da­ky ýe­ňil­me­zek­li­gi do­wam ed­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ma­ta­dor­lar Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma oýun­la­ryn­da iň soň­ky sa­par 1993-nji ýy­lyň 31-nji mar­tyn­da Da­ni­ýa­dan 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di. Ýag­ny, Is­pa­ni­ýa Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da 54 du­şu­şyk­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär. Ma­ke­do­ni­ýa­ny Çi­ro Im­mo­bi­le­niň soň­ky mi­nut­lar­da­ky go­ly bi­len 3–2 (Be­lot­ti 24, Im­mo­bi­le 75, 90+2 – Nes­te­rows­ki 57, Ha­sa­ni 59) ha­sa­byn­da ýe­ňen ital­ýan­la­ryň Dün­ýä hem-de Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da­ky ýe­ňil­me­zek­li­gi 53 oý­na çyk­dy.
Ita­li­ýa–Is­pa­ni­ýa: 1–1, Lih­tenş­teýn–Al­ba­ni­ýa: 0–2, Ma­ke­do­ni­ýa–Ys­ra­ýyl: 1–2; Ys­ra­ýyl–Lih­tenş­teýn: 2–1, Al­ba­ni­ýa-Is­pa­ni­ýa: 0–2, Ma­ke­do­ni­ýa–Ita­li­ýa: 2–3.

Ben­te­ke­niň ta­ry­hy re­kor­dy
“H” to­par­ça­da Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler ga­zan­dy. Olar il­ki Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Olar 2-nji du­şu­şy­gyn­da FI­FA-dyr UEFA-nyň tä­ze ag­za­sy Gib­ral­ta­ry 6–0 ha­sa­byn­da ut­dy. 3 go­ly Kris­ti­an Ben­te­ke, beý­le­ki­ler-de Wit­sel, Mer­tens hem-de Edin Ha­zard öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy. Du­şu­şy­gyň iň ýat­da ga­lan wa­ka­sy-da Ben­te­kä­niň re­kor­dy bol­dy. Eý­ýäm du­şu­şy­gyň 7-nji se­kun­dyn­da ta­pa­wut­la­nan Kris­ti­an Ben­te­ke Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da iň ir gol ge­çi­ren oýun­çy diý­len ugur­da­ky re­kor­dy öz ady­na ge­çir­di. Bu ba­bat­da öň­ki re­kord San Ma­ri­no­dan Da­wi­de Gu­al­tie­rä de­giş­li­di. San Ma­ri­no­ly oýun­çy şol go­ly 1993-nji ýyl­da Ang­li­ýa bi­len bo­lan oý­nuň eý­ýäm 8,1 se­kun­dyn­da der­we­zä gi­ri­zip­di. Şeý­le-de to­par­ça­da Gre­si­ýa il­ki Kip­ri (Mit­rog­lu 12, Man­ta­los 42), soň­ra-da Es­to­ni­ýa­ny (To­ro­si­dis 2, Sta­fi­li­dis 60) 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Ga­ly­ber­se-de, Bos­ni­ýa Kipr­den Edin Je­ko­nyň 2 go­ly bi­len 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.
Bel­gi­ýa–Bos­nia: 4–0, Es­to­ni­ýa–Gib­ral­tar: 4–0, Gre­si­ýa–Kipr: 2–0; Bos­ni­ýa–Kipr: 2–0, Es­to­ni­ýa–Gre­si­ýa: 0–2, Gib­ral­tar–Bel­gi­ýa: 0–6.
“I” to­par­ça­da Hor­wa­ti­ýa myh­man­çy­lyk­da FI­FA-nyň iň tä­ze agza­sy Ko­so­wa­ny 6–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­daky gol­la­ryň deň ýa­ry­ny Ma­rio Man­žu­kiç ge­çir­di (6, 24, 35). Is­lan­di­ýa 90+1-nji we 90+6-njy mi­nut­lar­da, de­giş­li­lik­de Finn­bo­gas­so­nyň hem-de R. Si­gurds­so­nyň gol­la­ry bi­len Finl­ýan­di­ýa­ny 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 3 mi­nut­da 2 gol ge­çi­ren Uk­rai­na myh­man­çy­lyk­da Tür­ki­ýe bi­len 1 utu­gy paý­laş­dy (2–2, Ozan Tu­fan 45+1, Çal­ha­nog­lu 81 p – Ýar­mo­len­ko 24 p, Kra­wets 27). 9-njy okt­ýabr­da oý­na­lan oýun­lar­da Hor­wa­ti­ýa myh­man­çy­lyk­da Finl­ýan­diýa­ny 1–0, Is­lan­di­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Tür­ki­ýä­ni 2–0 hem-de Uk­rai­na Ko­so­wo­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di.
Is­lan­di­ýa–Finl­ýan­di­ýa: 3–2, Ko­so­wo–Hor­wa­ti­ýa: 0–6, Tür­ki­ýe–Uk­rai­na: 2–2; Finl­ýan­di­ýa–Hor­wa­ti­ýa: 0–1, Is­lan­di­ýa-Tür­ki­ýe: 2–0, Uk­rai­na–Ko­so­wo: 3–0.
To­par­ça­lar­da­ky in­di­ki du­şu­şyk­lar 11–13-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da oý­na­lar.