11-12-nji oktýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Garaşsyz Watanymyzyň häzirki zaman taryhynda baş baýramçylygymyzyň öň ýanynda her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmegine, türkmen halkynyň maddy we ruhy durmuşyndaky iri möçberli özgertmelerde, täsin medeni mirasyň gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakda möhüm wakalaryň özboluşly ajaýyp ýylýazgysyna öwrüldi.
Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan, bu ykdysady forum aýratyn ähmiýete eýedir. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we düzüminde respublikanyň işewür toparlary bolan wekiliýetiň agzalary ykdysady gözden geçirilişiň hormatly myhmanlary boldular.
Milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işlerini şöhlelendirýän serginiň köpsanly diwarlyklary munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Pudagara foruma ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna wekilçilik edýän döwlet düzümleri hem-de hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýar. Mahabatyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täze harytlary hem-de teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Energetika we senagat, nebit hem-de gaz, nebithimiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, ulag, aragatnaşyk, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojalygy, oba senagat toplumy, lukmançylyk senagaty, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goramak we bagy-bossanlyk—bu ulgamlaryň ählisiniň depginli ösüşi görkezilen wideoşekillerde, ussatlyk bilen taýýarlanylan nusgalarda, owadan gollanmalar, žurnallar görnüşinde çaphana önümlerinde öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz sergä gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagynda ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, uly möçberli işler amala aşyryldy we bu ugurda alnyp barylýan işler depginli dowam etdirilýär diýlip, Gutlagda bellenilýär.