10-njy oktýabrda ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky günleriniň açylyş dabarasy boldy hem-de onuň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti we tatar halk senetçiliginiň sergisi guraldy. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada geldi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Tatarystanyň baştutany hormatly Prezidentimize bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine beren goldawy üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, türkmen halkyny ýakynlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady. Soňra bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Aýrat Sibagatulliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabatda geçirilýän döredijilik forumyna gatnaşmak üçin geldi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Tatarystan Respublikasynyň wekilleri – Milli kitaphananyň, Ýazyjylar birleşmesiniň ýolbaşçy düzümi, ýazyjylar we žurnalistler bilen duşuşyk geçirildi. Gyzyklanma bildirilýän gepleşikleriň barşynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we bu ugurda tejribe alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mukamlar köşgüniň zalynyň dolmagy Tatarystanyň Türkmenistanda geçirilýän günlerine bolan ýokary gyzyklanma güwä geçýär. Tatarystanyň Türkmenistandaky günleriniň dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň döredijilikli çykyşlary we tatar senetkärleriniň däp bolan çeper sergisi bilen açylmagynda çuňňur many bar.
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti saparynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp açylan ykdysady üstünlikleriniň sergisine aýlanyp gördi. Ol ýerde ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizde gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen tanyşdy.
Şeýle hem Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan türkmen-tatar işewürler maslahatyna gatnaşdy. Bu foruma gatnaşmak üçin Tatarystanyň döwlet edaralarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň, döwlet we hususy guramalarynyň, iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden düzülen uly wekiliýeti Aşgabada geldi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriň, komitetleriniň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumda Prezident Rustam Minnihanow çykyş etdi we ol öz çykyşynda Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekligi nygtady. Forumyň umumy bölüminiň soňunda “2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyna” we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
«Zaman–Türkmenistan».