Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň güýzki mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti Yslam ösüş banky bilen TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmagyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdi.
Şu ýylyň 21-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan degişli Ylalaşygy baglaşdy. Şol Ylalaşyga laýyklykda, Yslam ösüş banky Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň biziň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde karz berýär.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň bir bölegi bolup, ol eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz iberilmegine gönükdirilendir. TOPH taslamasy—türkmen Lideriniň üstünlikli ýöredýän daşary syýasatynyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Ýakynda Waşingtonda Türkmenistanyň Hökümeti (Maliýe ministrligi) bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda maliýe we makroykdysady ulgamlarda tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi esasy halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky ädim boldy. Bu resminama ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatlary bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgüdine goldaw bermäge gönükdirilendir. Gol çekmek dabarasy Bütindünýä bankynyň toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň we Halkara walýuta gaznasynyň her ýylda bolýan mejlisiniň çäklerinde geçdi.