Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi hem-de “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen 2016-njy ýyl köp sanly şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli ugurlarda täze ösüşler we üstünlikler gazanylýar.
Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip düzülen ýurdumyzyň sebitlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şol Milli maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap durmuş-maksatly binalaryň ençemesi gurulýar.
Ýaňy-ýakynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Bereketli zaman şäherçesiniň açylyş dabarasynyň şaýady bolduk.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze şäherçe 400 hojalyga niýetlenip, ol Köpetdagyň eteginde, Aşgabat-Mary ulag ýolunyň ýakynynda ýerleşýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze şäherçäniň toý bagyny kesdi. Milli ýörelgeler nazara alnyp, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Bereketli zaman obasy açyldy.
Bu ýerde türkmen toýlaryna mahsus dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Onuň çäklerinde çagalaryň milli oýunlara gümra bolmagy, ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly sportuň milli görnüşleri bu ýerde guralan toý çäreleriniň dabarasyny artdyrdy. Mundan başga-da, dabaraly çäreleriň hatarynda dürli tomaşalaryň görkezilmegi, darbazlaryň çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmegi halkymyzyň toý dabaralaryna toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
3 ýylyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň bu künjeginde giň köçeleri we ýanýodalary, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik ulgamlary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy döredi. Bu ýerde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 140-sy üç otagly, 130-sy dört otagly we ýene şonçasy bäş otagly jaýlardyr. Ähli desgalarda aňrybaş amatlyklar we oňyn şertler döredilipdir.
Hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş toplumy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen toý saçagyny taýýarlaýan eneleriň ýanyna baryp, olar bilen söhbetdeş boldy. Zenanlar asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgä laýyklykda, toýa gelýänleriň saçaklaryny kabul edýändiklerini we olaryň yzyna ýörite toý sowgatlaryny taýýarlaýandyklaryny gürrüň berdiler. Soňra milli Liderimiz tamdyrda çörek ýapýan zenan bilen gürrüňdeş boldy. Ol özüniň 30 ýyla golaý wagt bäri toý çöregini bişirmek bilen meşgullanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkymyzyň däp-dessurlarynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döredilýän oňyn mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz gazanyň başynda nahar bişirýän we pişme bişirýän zenanlar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hal-ahwallary, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Olar milli Liderimize we hormatly myhmanlara hödür-kerem etdiler we döwlet Baştutanymyza halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz öýe girip, onuň abadanlaşdyrylyşy, bezeg aýratynlyklary, onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bagtyýar maşgalany täze jaýa göçüp gelmekleri bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz olaryň hal-ahwallary, durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Öý eýesi–ata-baba gelýän daýhançylyk däbini dowam edýän kärendeçi Resul Pazylow milli Liderimize halkymyzyň abadan ýaşaýşy, oba adamlaryna döwrebap mümkinçilikleriň elýeterli bolmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.
Milli Liderimiz halkyň abadançylygy ugrundaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Hut şonuň üçinem ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli ýokarlanýar. Bu ulgamda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär. 2015-2020-nji ýyllary öz içine alýan sebitleri özgertmek boýunça Maksatnamanyň rejelenen görnüşi desgalaryň 500-den gowragynyň, şol sanda 3 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň we müňlerçe kilometr düzümleýin ulgamlaryň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Şu bäş ýylyň dowamynda ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryndan gowrak serişdäni özleşdirmek meýilleşdirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ýerde bina eden desgalarynyň hatarynda bazary bolan Söwda merkezi bar. Oňa hormatly Prezidentimiz baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz şäherçe bilen tanyşlygyny dowam edip, täze çagalar bagyna bardy. 160 orunlyk täze çagalar bagyny “Medine gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Bu ýerde kompýuter we lingafon otaglary, döredijilik studiýasy, tomusky telär, oýun meýdançalary, ýumşak çagalar mebelleri bilen üpjün edilen giň we ýagty ýatakhanalar, sport we saz otaglary, naharhana hem-de lukmançylyk otagy bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Bereketli zaman şäherçesinde täze döredilýän seýilgähiň çäginde bu ýerde guralan taryhy ähmiýetli şanly wakadan ýadygärlik hökmünde bag nahalyny oturtdy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary täze döwrebap şäherçäniň açylmagy bilen ýene bir ýola gutlady we olara jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Gäwersiň gözel künjekleriniň birinde 400 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyz üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Ýeri gelende aýtsak, täze Bereketli zaman şäherçesinde medeni köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän kaşaň Medeniýet köşgi hereket edýär. Şeýle hem iki sany söwda dükany ýerli ilatyň gündelik sarp edýän harytlary bilen üpjün edilipdir. Saglyk öýi döwrebap derejede enjamlaşdyryldy we onda ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenýär. Şäherçäniň döwrebap derejede bina edilen metjidi, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň jaýy şäherçäniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bereketli zaman oba geňeşliginiň jaýy şäherçäniň döwrebap desgalary bilen utgaşýar. Onda edara ediş tejribesiniň ähli zerur mümkinçilikleri ýola goýlupdyr. Täze şäherçedäki 640 orunlyk mekdepde okuwçylaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. 500 orunlyk Toý mekanda bolsa türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan we aýratyn gadyr goýulýan toý dabaralaryny, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin zerur mümkinçilikler, şertler döredilipdir.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy)