Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan energetika desgalarynyň toplumynyň hem-de ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän dünýäde meşhur “General Electric” amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2013-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli maksatnama tassyklanyldy. Onuň her bir tapgyry düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny öz içine alýar. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatyny nazara almak bilen, ilkibaşdan ägirt uly kuwwatlyklar döredilýär. Pudaklaýyn maksatnamany durmuşa geçirmekde ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şundan ugur alnyp, bu geljegi uly pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösüş depgini görkezýär we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.
Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde soňky ýyllarda pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň birnäçesi, şol sanda Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gurlan, kuwwaty 149,2 MWt elektrik energiýasyna barabar bolan desgalar, şeýle hem Mary welaýatynyň merkezinde gurlan, umumy kuwwaty 146,7 MWt elektrik energiýasyna barabar bolan elektrik stansiýalar bilen ýetirildi.
Geçen ýyl Ahal welaýatynda kuwwaty 504,4 MWt bolan elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Ol milli Liderimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de degişli düzümi doly täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde Aşgabadyň töwereginde döredilýän energetika halkasynyň bölekleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, ýokarda agzalyp geçilen Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşynda Ak bugdaý etrabynda, “Ahal” elektrik bekedinde umumy kuwwaty 393,9 MWt bolan täze energobloklaryň bäşisi işe girizildi. Şeýlelikde, onuň kuwwaty 254,2 MWt-den 648,1 MWt-a çenli artdyryldy. Şunuň bilen birlikde, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, podstansiýalar hem-de paýlaýjy ulgamlar guruldy. Şeýlelikde, Aşgabadyň elektrik üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde häzirki wagtda Aşgabat şäheri sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.
Ýurdumyzyň energetika düzümini döwrebaplaşdyrmak we onuň kuwwatyny artdyrmak baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýylyň tomsunda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda kuwwaty 254 MWt bolan “Watan” döwlet elektrik stansiýasynyň ulanmaga berlendigini ýatlatmalydyrys. Kuwwaty 432 megawat bolan ýene-de bir gazturbinaly elektrik stansiýasy Serdarabat etrabynda gurlar, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy.
Bu desgalaryň ählisi “General Electric” amerikan kompaniýasynyň hem-de beýleki meşhur önüm öndürijileriň gazturbinaly enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi.
Mary DES-iniň çäginde ýurdumyzda ilkinji utgaşdyrylan buggaz elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilmegi ykdysadyýetimiziň bu strategiki ulgamyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmäge, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bu desganyň kuwwaty 1574 MWt bolar. 12,6 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen stansiýa iň döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalara degişlidir. Türkmenistanda ozal gurlan beýleki DES-lerden tapawutlylykda, bu ýerde ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylar. Degişlilikde, “General Electric” kompaniýasynyň 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary ornaşdyrylar. Şunuň netijesinde elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisenti 1,5 esseden gowrak ýokarlanar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň sarp edilişi ep-esli azaldylar. Buggaz elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa babatda hem özüne çekijidir, çünki, atmosfera zyňylýan galyndylar 2-3 esse azalýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşanlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere geçdi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün – Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkeziniň dabaraly açylýandygyny belledi.
Biz Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmegi öňümizde belent wezipe edip goýduk. Energetika pudagy bolsa, ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» kabul etdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Konsepsiýa laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň welaýatlarynda 14 sany gaz turbinaly elektrik stansiýasyny, elektrik geçiriji ulgamlary we paýlaýjy beketleri gurmak göz öňünde tutulýar. Häzire çenli Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup, ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde hem utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyny belledi.
Geçirilýän bu işler ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Biz özümizden artýan elektrik energiýasyny goňşy döwletler bolan Owganystana we Eýrana hem iberýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň geljekde onuň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de möçberlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Bu gaz geçiriji bilen ugurdaş ýokary woltly elektrik ulgamyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, biziň energetika syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň tassyklaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmen paýtagtynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça hem köp işler edilýär. 2012–2014-nji ýyllarda kabul edilen kararlara laýyklykda, Aşgabat şäherinde 3 tapgyrda birnäçe energetika desgasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalar elektrik energiýasyny gyradeň paýlamagy, onuň güýjenmesini we ýygylyk derejesini kadaly saklamagy üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şu gün açylyp, ulanmaga berilýän «Paýtagt» dolandyryş merkezinde ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Bu bolsa, tutuş şäheriň energiýa ulgamynyň işleýşine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.
Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksadynda gurlan desgalar toplumynyň taslamasy birnäçe ugur boýunça halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy.