Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagy, onuň ähli babatlarda ösüşlere beslenmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir güni, her bir pursatlary beýik rowaçlyklara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlar boýunça giň göwrümli eserleri döredýändigi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň paýhasyndan kemal tapan düýpli çeper we ylmy kitaplary dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine elýeterli boldy. Täze eserleri döretmek arkaly hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegine ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiziň täze eserleriň üstünde işlemeginde aýratyn many bar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, täze eserler döredilýär.
ÇAÝ – MELHEM HEM YLHAM
Halkara Nowruz gününiň öňýanynda çapdan çykan türkmen halkynyň lezzet alyp içýän bejeriş häsiýetli çaýy baradaky owadan bezelen neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza baýramçylyk sowgady boldy.
Hormatly Prezidentimiziň bu işi döwürleriň hem-de nesilleriň, taryhyň we häzirki zaman türkmenleriň medeniýetiniň hem-de çaý içmekligiň aýratyn orun tutýan durmuşynyň aýrylmaz arabaglanyşyga eýe bolan duýgusyna beslenendir. Milli Liderimiz çaýyň täsin dünýäsine ugur görkeziji diýip, atlandyryp boljak kitabynyň başynda bu hakda gadymy rowaýatlary we aňlatmalary getirmek bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup, beýleki halklaryň çaý medeniýetiniň aýratynlyklaryna özüniň üns berendigini hem-de bu özboluşly däpleriň durnuklydygy barada netijä gelendigini belleýär.
Milli Liderimiziň kitabynda çaý demlemegiň däbe öwrülen usullary, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde onuň häsiýetli aýratynlyklary barada giňden gürrüň berilýär. Şeýle hem neşiriň sahypalarynda dürli kesellere garşy salgy berilýän melhem çaýlary taýýarlamagyň usullary, çaýa degişli halk arasynda aýdylýan atalar sözleri we nakyllar, şeýle hem çaý taýýarlamakda ulanylýan adalgalar getirilýär. “Gaýtarmak” çaý içilmezden öň, ony çäýnekden käsä we yzyna guýmagy aňladýar.
“Çaý içseň ömür uzar” babynda hormatly Prezidentimiz alym-lukman hökmünde kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de şähdaçyk bolmak üçin, nädip hemme witaminleri, makro we mikro elementleri, 300 töweregi dürli maddalary özünde saklaýan çaý ýapragynyň efir ýaglaryny saklamalydygy, bu şypa beriji çaýy nähili dogry demlemelidigi we içmelidigi barada peýdaly maslahatlary berýär.
ARŞYŇ NEPISLIGI
Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Arşyň nepisligi” atly täze eseriniň tanyşdyryş dabaralary geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilen el hünäriniň ebedi gözelligi hakyndaky bu kitap milli Liderimiziň öz halkyna, çeper elli türkmen halyçylaryna, bu täsin sungatyň ýurdumyzdaky we dünýä ýüzündäki ähli muşdaklaryna ýene bir ajaýyp sowgady boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arşyň nepisligi” atly kitaby türkmen halkynyň baý ruhy we maddy medeniýeti bolan deňsiz-taýsyz milli halyçylyk sungatyna bagyşlanypdyr. Ajaýyp bezelen bu neşir türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilipdir, bu bolsa dünýäniň dürli künjekleriniň giň okyjylar köpçüligi üçin onuň düşnükli bolmagyna ýardam berýär. Neşirde halkymyzyň gymmatly mirasy bolan ajaýyp halylar hakynda gyzykly gürrüňler berilýär. Bu kitap müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan täsin gözelligi saklanan ajaýyp milli sungatymyzyň dünýäsine syýahata çagyrýar.
GADAMY BATLY BEDEW
Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyryş dabaralary geçirildi. Täze kitap ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli türkmenistanlylara ajaýyp sowgat boldy.
Täze neşiriň maksady ahalteke bedewini türkmen halkynyň taryhy we ruhy gymmatlyklary bilen baglylykda görkezmekden ybaratdyr. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewi türkmen tebigaty we ynsan zehini bilen döredilen gudratdyr. Milli Liderimiziň bu sözleri kitabyň many-mazmunyny kesgitledi. Kitap “Dünýäniň wajyplygy”, “Gadymyýetiň sedasy”, “Türkmeniň ruhy baýlygy”, “Gözelligiň syrly dünýäsi”, “Edebi miras”, “At — myrat”, “Taryhyň içindäki taryh” atly bölümlerden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, taryhy we edebi maglumatlar jemlenendir. Onda awtoryň atçylygyň milli däpleri baradaky çuňňur bilimleri, türkmen bedewlerine bagyşlanan nakyllarda, pähimlerde we parasatly sözlerde öz beýanyny tapan halk pähiminiň ägirt uly baýlygy şöhlelenýär.
Kitabyň gurluşy awtora häzirki döwri hem-de taryhy bir sapaga düzmäge mümkinçilik berip, okyjyny mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we geljegi baradaky pikir döretmeleri bilen tanyşdyrýar. Täze kitap türkmen halkynyň şöhratly ahalteke bedewlerine paýhasly garaýşynyň dünýäsine täsin syýahatdyr. Kitabyň çeper dili ünsüňi özüne çekýär. Ol awtoryň behişdi bedewlere — asyrlaryň dowamynda türkmenleriň wepaly dostuna bolan çuňňur söýgüsini şöhlelendirýär.
PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY
Halkymyzyň iň söýgüli bagşylarynyň biri bolan beýik türkmen sazandasy Şükür bagşy barada döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňýanynda çapdan çykan bu neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza ajaýyp sowgadydyr.
Milli Liderimiz özüniň kitabynda Şükür bagşynyň köptaraply keşbini açyp görkezip, bu keşbiň özeninde duran hem-de ony çeper eseriň we wagtyň çäklerinden çykarýan pikiriň özüniň umumadamzat mazmunyny nygtaýar.
Bu kitap baplaryň 13-sini we sözsoňyny özünde jemleýär. Döwlet Baştutanymyz adamzadyň öňünde kyn we çylşyrymly soraglaryň ýene-de örboýuna galýan döwründe antiki döwürde dörän jümläni täzeçe ugrukdyryp, ony: “Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!” diýen görnüşe getirmegiň wagtynyň ýetip gelendigine ynanýar.
Elbetde, milli Liderimiziň galamyndan çykan ylmy-köpçülikleýin beýan edilen medeni-taryhy nobatdaky işi parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň medeniýetiniň terbiýelenmegine, şeýle hem milli ruhy gymmatlyklaryň we mirasyň, şol sanda bagşylaryň däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini aýawly saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam eder.
TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ylmy işiniň VIII jildi, 2009-njy ýylda başlanylan düýpli ylmy işiň dowamy bolup durýar, onuň öňki jiltleri häzirki döwürde dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmançylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.
Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir.