Dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýan Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň nebitgaz pu­da­gyny ösdürmek ugrunda alyp barýan üstünlikli sy­ýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň halkara gaz bazaryndaky orny barha belende galýar. Türk­menistan baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, olary dünýä bileleşiginiň hyz­ma­tynda ulanmaga uly ähmiýet berýär.
Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek babatda alnyp bar­ylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäk­lerinde täze nebitgaz ýataklarynyň tapylmagy, ola­ryň senagat taýdan özleşdirilmegi, halkara äh­mi­ýetli turba geçirijileriň çekilmegi babatda uly işler dur­muşa geçirilýär. Mundan başga-da, türkmen te­bi­gy gazynyň dünýäniň iri bazarlaryna iberilýän ugur­laryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çä­reler durmuşa geçirilýär.
Dünýäniň iri energetika döwletinde Türk­me­nis­tan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) trans­milli gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji no­batdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga ber­ilmegi, Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň ulan­maga berilmegi, dünýäniň iň uzyn turba ge­çirijisi bolan Türkmenistan-Hytaý gaz ge­çi­rijisiniň täze şahalarynyň gurlup, ulanmaga be­ril­megi ýurdumyzyň halkara gaz bazaryndaky or­nuna has-da berkeýändiginiň nobatdaky su­but­na­ma­sy­dyr.

 

TOPH – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Gu­ra­ma­synyň Baş As­sambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän halkara ähmiýetli baş­langyçlary dünýä jem­gy­ýetçiliginiň ýokary ykrarnamasyna eýe bolýar. Milli Li­de­rimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny üp­jün etmek babatdaky başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş As­sambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary kabul edilip, bu ugurda en­çeme işler durmuşa geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýol­baş­çy­ly­gyn­da bu başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda Türk­me­nistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýeti uludyr. Tutuş dünýäde energetika howp­suz­lygynyň üpjün edilmegi äh­lumumy durnukly ösüşiň strategik ugur­la­ry­nyň birine öwrüler.
Şonuň üçin parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň kepili bo­lan TOPH gaz geçirijisiniň orny uludyr. Bu taslamany iş ýüzünde dur­mu­şa geçirmek babatda geçen ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzyň ta­ryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly dabaralaryň biri bolup geç­di.

TOPH barada gysgaça: – Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň düýbi tutuldy we sebitiň iri taslamasynyň gurluşygyna başlandy.
– 2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Pre­zi­den­ti­miz Ow­ga­nystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň gur­luşygynyň birinji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 milliondan gow­rak dollar bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.
– Taslamanyň türkmen bölegindäki işleri 2018-nji ýylyň ahyrynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär.
– TOPH-yň uzynlygy takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Şun­da biziň ýurdumyzyň çäklerinden turba geçirijiniň 214 kilometri çe­kiler. Ol soňra Owganystanyň Hy­rat we Kandagar, Pakistanyň çäk­leri boýunça Kwet­ta we Multan şäherleriniň üstünden geçer hem-de Hin­dis­tanda Fazilka ilatly nokadyna baryp ýeter.
– Täze gaz geçirijiniň gurulmagy netijesinde, 12 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler, bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňaýly täsir eder.
– Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bo­lar. Ýerüsti kömekçi düzümleri goşmak bilen, ony 2019-njy ýylyň de­kabrynda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
– Türkmen gazy Hindistanyň we Pakistanyň “mawy ýangyja” bo­lan barha artýan zerurlygyny üpjün etmäge kömek eder. Şol ýurt­larda 2030-njy ýyla çenli şeýle islegler iki esse artyp biler. Mun­dan başga-da, ol üstaşyr ýurt bolan Owganystanda energiýa se­rişdelerine bolan hemişelik gytçylygy azaldar.
– TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň il­kinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt ga­zy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony ýük gämileri ar­kaly iberýär.
– TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gat­naş­ma­ga meýilleri barada Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň wekilleri beýan etdiler.

DÜNÝÄNIŇ GURY ÝERDÄKI IŇ ULY GAZ KÄNLERINIŇ BIRI

— Türkmenistan ýangyç-energetika serişdelerine baý ýurt. Ýurdumyzyň çägindäki nebit we gaz känleri Türkmenistanyň energiýa bazaryndaky ornuny has-da belende galdyrdy.
— Mary welaýatynyň çägindäki “Galkynyş” gaz käni halkara garaşsyz bilermenleriň seljermelerine görä, dünýäniň gury ýerdäki gaz gorunyň möçberi boýunça 2-nji orunda durýandygy tassyklandy.
— Bilermenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, bu ýerdäki tebigy gazyň möçberi 26 trillion 200 milliard kub metre barabardyr. Bu bolsa tebigy gazyň gorlary boýunça biziň ýurdumyzy dünýäde dördünji orna çykarýar.
— “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabr aýynda girişildi. Onuň birinji tapgyrynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy.
— Häzir bu iri gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu gaz ýatagy köp sanly iri energetika geçirijileriň serişde binýady bolar.

 

“GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI

— 2015-nji ýylda ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ul­gama birleşdiren “Gündogar-Gün­ba­tar” gaz geçirijisi ulanmaga berildi.
— Täze gaz geçiriji Mary we­la­ýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stan­si­ýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Be­lek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çe­kildi. Onuň uzynlygy 800 kilometre go­laýlaýar.
— Bu gaz geçirijiniň ýyllyk kuw­wa­ty 30 milliard kub metr tebigy gazy iber­mäge niýetlenip, onuň taslama ba­hasy 2 milliard 500 million amerikan dol­laryndan hem geçýär.
— Bu çylşyrymly taslamanyň ýur­du­my­zyň kärhanalarynyň öz güýçleri bi­len gurlandygyny bellemek has gu­wandyryjydyr. Gaz geçirijisiniň gur­luşygy 2010-njy ýylyň maý aýynda baş­landy.
— Täze gaz geçirijisi öz gözbaşyny Mary welaýatyndan alýar. Şol ýerde Döwletabat, Malaý, Ýaşlar ýaly iri gaz ýataklary şeýle hem gorlary bo­ýun­ça dünýä ähmiýetine eýe bolan “Gal­ky­nyş” gaz käni ýerleşýär. Soňra ol Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geç­ýär.

 

ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMY: DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGYŇ TÄZE TAPGYRY

— Ýurdumyzda ýangyç-energetika top­lu­my­ny diwersifikasiýa ýoly bilen öz­leş­dirmek ba­batda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda gaz­himiýa pudagy düýpli ösdürilýär. Bu pu­dagyň ösdürilmegi gazy gaýtadan iş­le­mekden alynýan ýokary hilli önümleriň çy­karylýan möçberini ýokarlandyrmaga, dün­ýä bazarlaryna iberilýän önümlerde olaryň pa­ýyny artdyrmaga gönükdirilendir.
— Türkmenistanyň energetika stra­te­gi­ýasy üçin indi çig maly däl-de, eýsem, yl­my-tehniki ösüşiň soňky gazananlary, ne­bithimiýa pudagynyň kärhanalaryny teh­ni­ki taýdan enjamlaşdyrmagyň, täze gazy we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleri gur­magyň esasynda gaýtadan işlenen taýýar önüm­leri daşary ýurtlara ibermek ileri tu­tul­ýan ugur bolar.
— Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan iş­leýän zawodlar toplumy Merkezi Aziýada ýo­kary oktanly awtomobil benzinini, awia­si­ýa kerosinini, suw bilen arassalanan dizel ýan­gyjyny, nebit koksuny, tehniki ýaglary, su­wuklandyrylan gazy iri öndürijä öwrüldi.
— Hazaryň kenarynda ýerleşen Gyýanly şä­herçesinde ýylda 386 müň tonna po­li­eti­len hem-de 81 müň tonna polipropilen ön­dür­mä­ge niýetlenen gazhimiýa toplumynyň gur­luşygyna başlanyldy.
— Ahal welaýatynda, Owadandepede te­bigy gazdan benzin öndürjek zawodyň gur­lu­şygy alnyp barylýar. Iň täze tehnologiýalar bi­len enjamlaşdyryljak kärhana her ýylda te­bigy gazyň 1 milliard 782 million kub met­rini gaýtadan işlär we Ýewro-5 ölçegleri bo­ýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna la­ýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň ton­­nasyny çykarar.
— Himiýa senagaty hem tebigy gazy gaý­ta­dan işlemegiň geljegi uly pudaklaryň biri bo­lup durýar. 2014-nji ýylyň oktýabrynda ba­hasy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gow­­­rak bolan Mary şäherinde ammiak we kar­­bamid öndürýän zawodlar toplumy ulan­­ma­ga tabşyryldy. Toplumyň kuwwaty ýyl­da am­miagyň 400müň tonnasyny hem-de kar­­bamidiň 640 müň tonnasyny öndürmäge ba­­rabardyr.
— Balkan welaýatynyň Garabogaz şä­herinde karbamid öndürjek zawodyň gur­luşygy alnyp barylýar. Kärhananyň kuw­wa­ty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme ba­rabar bolar.yangyc-energetika-toplumy-diwersifikasiyalasdyrmagyn-taze-tapgyry