Ge­çen hep­dä­niň ýek­şen­be gü­ni, ýag­ny 30-njy okt­ýabr­da Mol­do­wa­da 20 ýyl­dan soň­ra äh­li­halk saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. 2000-nji ýyl­dan bä­ri ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­ny par­la­ment saý­la­ýar­dy. Ýö­ne, şu ýy­lyň mart aýyn­da ýur­duň Kons­ti­tu­si­on ka­zy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan äh­li­halk saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da ka­rar ka­bul edil­di. Mun­dan ozal, 1996-njy ýyl­da ýur­duň Pre­zi­den­ti halk ta­ra­pyn­dan saý­la­nyp­dy.
30-njy okt­ýabr gü­ni ir sa­gat 07:00-da saý­law uças­tok­la­ry saý­law­çy­la­ry ka­bul edip baş­la­dy. Bu çä­re giç ag­şam 21:00-a çen­li do­wam et­di. Saý­law­la­ryň il­kin­ji tap­gy­ryn­da da­laş­gär­le­riň bi­ri 50 gö­te­rim­den köp ses alan ýag­da­ýyn­da, ol gö­nü­den-gö­ni halk ta­ra­pyn­dan saý­la­nan döw­let Baş­tu­ta­ny bol­ýar. Eger şeý­le ýag­daý bol­ma­dyk ha­la­tyn­da on­da şu ýy­lyň 13-nji no­ýab­ryn­da saý­la­wyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Ýurt­da 3,2 mil­li­on saý­law­çy bar. Ola­ryň üç­den bi­riniň ses ber­mek çä­re­si­ne gat­na­şan ha­la­tyn­da saý­law­lar ge­çi­ri­len ha­sap edil­ýär.
Pre­zi­dent saý­la­wy­nyň ge­çi­ri­liş ter­ti­bi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek üçin 500-den gow­rak hal­ka­ra syn­çy­lar gel­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň hem-de beý­le­ki gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bar.
Ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ni­ko­laý Ti­mof­ti ikin­ji möh­let üçin da­laş­gär bol­mak­dan ýüz öwür­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu saý­la­wyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry hök­mün­de iki par­ti­ýa­nyň da­laş­gär­le­ri gör­ke­zil­di. Olar So­sia­list par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Igor Do­don hem-de “He­re­ket we raý­daş­lyk” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Maý­ýa San­du.

TÄ­ZE PRE­ZI­DENT IKIN­JI TAP­GYR­DA BEL­LI BO­LAR
Saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ga­ra­şy­lan ne­ti­je bol­ma­dy. Şo­nuň üçin ýur­duň Mer­ke­zi Saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň ag­za­sy Ýu­riý Çe­kan 13-nji no­ýabr­da saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
– Des­lap­ky ne­ti­je­le­re gö­rä, da­laş­gär­ler­den hiç bi­ri 50 gö­te­rim ses alyp bil­me­di. Ahyr­ky ne­ti­je­le­re ser sal­sak-da, bu ýag­da­ýyň üýt­ge­me­je­gi mä­lim. Şo­nuň üçin ikin­ji tap­gyr ge­çi­ri­ler – di­ýip, Ýu­riý Çe­kan ha­bar ber­di.
Saý­law­la­ra gat­naş­ýan 9 da­laş­gär­den iki­si – Igor Do­don we Maý­ýa San­du ses­le­riň kö­pü­si­ni al­ma­gy ba­şar­dy. Ses­le­riň 96,94 gö­te­ri­mi sa­nal­dy we şo­ňa gö­rä-de, Do­don 49,12 gö­te­rim, San­du bol­sa 37,6 gö­te­rim ses al­dy. “Bi­ziň par­ti­ýa­myz” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Dmit­riý Çu­ba­şen­ko üçün­ji or­ny eýe­läp, 6 gö­te­rim ses al­ma­gy ba­şar­dy.
Şeý­le­lik­de, Igor Do­don bi­len Maý­ýa San­du ikin­ji tap­gyr­da öza­ra bäs­le­şer­ler. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, saý­law­la­ra 1,433 mil­li­on saý­law­çy gat­naş­dy. Bu gör­ke­zi­ji umu­my saý­law­çy­la­ryň 48,97 gö­te­ri­mi­ne deň­dir.