Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dünýäniň iň möhüm we iri halkara maslahaty geçiriler. Şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat bolar. Bu maslahatyň geçirilýän günlerine gabatlap, transmilli polat ýolunyň – “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler.
Milli Liderimiz bu halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine uly ähmiýet berýär we şonuň üçin bu iri halkara foruma görülýän taýýarlyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda öňümizde boljak iri halkara derejesindäki çärelere görülýän taýýarlyk boýunça ýörite maslahat geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde milli Liderimiz oňa gatnaşyjylaryň halkara ähmiýetli çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlaryny diňledi. Hasabatlardan görnüşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Ählumumy ösüş maksatnamasyny amala aşyrmak üçin ileri tutýan garaýyşlary we başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar.
Şol başlangyçlar esasynda ulag-ýol ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmek meýilleşdirildi. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamenti hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi bilen bilelikde maslahatyň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlady we şoňa laýyklykda onuň çäklerinde umumy mejlislerden we ýöriteleşdirilen maslahatlardan başga-da, tanyşdyryş çärelerini, halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri girizmek göz öňünde tutulýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülip, olaryň çäklerinde ulag ulgamyna degişli birnäçe iri çäreler geçirildi. Şol çäreleriň arasynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen üstaşyr-ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty bar.
Maslahatyň çäklerinde ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdylyp geçildi. Şolaryň hatarynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň açylyş dabarasy barada hasabat berildi.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda kömekçi düzümleýin desgalary, şol sanda iki köprini goşmak bilen, demir ýoluň bu böleginde gurluşyk gurnama işleri tamamlandy. Desganyň açylyş dabarasynyň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky medeni-köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerinde taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň, şeýle hem Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Ol Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar.
Milli Liderimiz maslahatyň barşynda öňde boljak halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegi üçin degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklar berdi.