8-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki opera we balet teatrynda geçirildi. Bu teatryň milli we dünýä nusgawy mirasynyň ähli baýlygyny özüne siňdiren ajaýyp däplere baý bolan şöhratly segsen ýyllyk taryhy bar.
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň düzümine Medeniýet ministrliginiň, esasy muzeýleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, folklor-horeografiýa topary girdi. Şol gün ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde medeniýet ugry boýunça iki ýurduň mundan beýläk-de gatnaşyk etmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň duşuşygynyň çäklerinde medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, agşamara bolsa, Özbegistan Respublikasynyň akademiki teatrynyň sahnasynda ýene-de türkmen mukamlary we aýdymlary ýaňlandy.
Şeýle hem 8-nji noýabrda düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiň halkara festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Halkara festiwala gatnaşmak üçin Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Türkiýeden medeniýet işgärleri Koreýa Respublikasyna geldiler. Wekiliýetleriň düzüminde folklor-etnografiýa toparlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, meşhur tans toparlary, kino sungatynyň wekilleri, suratkeşler we amaly-haşam döredijiliginiň ussatlary, döwrebap milli egin-eşikleriň dizaýnerleri bar.
Festiwalyň dabaraly açylyşy Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýon teatrynda geçirildi. Wekiliýetleriň agzalary öz çykyşlarynda türki dilli ýurtlaryň halklarynyň döredijilik we ruhy aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda, olaryň umumadamzat medeni genji-hazynasyna uly goşandy bolup durýan baý milli gymmatlygyny öwrenmekde häzirki forumyň ähmiýetini nygtadylar.
Dabaranyň resmi böleginden soň, konsert maksatnamasy başlandy. Ony festiwala gatnaşyjylaryň ajaýyp çykyşlary düzdi. Estrada aýdymlaryny görnükli ýerine ýetirijiler, “Galkynyş” folklor-tans topary, bagşylar milli türkmen medeniýetini ähli köpöwüşginliliginde görkezdiler. Konsertde ähli gatnaşyjylaryň bilelikdäki çykyşy ajaýyp döredijilik şowhunynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Ol çykyş halklaryň parahatçylygynyň, dostlugynyň we döredijilik taýdan birleşmesiniň hakyky senasy bolup ýaňlandy.