Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” çem­pi­on­lyk he­mi­şe di­ýen ýa­ly “Ba­wa­ri­ýa­nyň” yg­ty­ýa­ryn­da. Soň­ky ýyl­lar­da “Bo­rus­sia Dort­mund­dan” baş­ga Baw­ýe­ra we­la­ýa­ty­nyň güýç­li klu­by bi­len bäs­le­şip bil­jek to­par çy­ka­nok diý­sek, öte geç­di­gi­miz bol­maz. 4 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­lap gel­ýän “Ba­wa­ri­ýa­nyň” bu möw­süm­de-de 1-nji ha­tar­da bol­ma­gy ga­ty bir geň ga­lar­ly ýag­daý däl. Ýö­ne hä­zir­ki wagt­da 2-nji orun­da bar­ýan to­par hem­mä­ni haý­ran gal­dyr­ýar. “RB Le­ip­sig” at­ly bu klub şu dur­ku­ny sak­la­ýan ýag­da­ýyn­da, “Ba­wa­ri­ýa­nyň” bol­ma­sa-da, bel­ki “Bo­rus­sia Dort­mun­dyň” gar­şy­da­şy bo­lup bi­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, olar öz meý­dan­ça­syn­da dort­mund­ly­la­ry 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. 2009-njy ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň 5-nji li­ga­syn­da çy­kyş eden “RB Le­ip­sig” 7 ýy­lyň do­wa­myn­da “Bun­des­li­ga” beý­gel­me­gi ba­şar­dy. Ol 7 ýyl­dan soň, “Bun­des­li­ga­da” kö­ne Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän il­kin­ji to­par bol­dy.
Eý­sem, “RP Le­ip­sig” klu­by ha­çan we nä­dip dö­re­di­kä? Klub hä­zir­ki wagt­da, aý­ra­ty­nam, ýaş­la­ryň ara­syn­da ýoň bo­lan ener­gi­ýa iç­gi­le­ri­ni ön­dür­ýän şe­re­ket­le­riň bi­ri bo­lan dün­ýä bel­li “Red Bull” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň go­şan­dy bi­len 2009-njy ýyl­da dö­re­dil­ýär. Şe­re­ket ozal­ky Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň iň uly 2-nji şä­he­ri bo­lan Le­ip­si­giň go­la­ýyn­da­ky 54 müň ilat­ly şä­her­çe­dä­ki “SSV Mar­kanş­tadt” klu­bu­nyň li­ssen­si­ýa­sy­ny sa­tyn alyp, “Pro­je Bun­des­li­ga” at­ly kam­pa­ni­ýa­ny ýo­la goý­ýar. Düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da (Ger­ma­ni­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ka­nun­la­ry se­bäp­li), ener­gi­ýa iç­gi­si­niň ady­ny ulan­mak ga­da­gan bo­la­ny üçin klu­ba “Ra­sen­Balls­port Le­ip­sig” di­ýen at be­ril­ýär. “Ra­sen­Balls­port” “otuň üs­tün­de oý­nal­ýan sport” di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. To­par açy­lyş möw­sü­mi­ni (2009/10) “NOFV-Ober­li­ga­nyň” (5-nji li­ga) çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­lap, ýo­ka­ry li­ga çyk­ýar. 2012/13 möw­sü­min­de-de “Re­gio­nal­li­ga Nord­da” (4-nji li­ga) ýeň­liş­siz çem­pi­on bo­lup, 3-nji li­ga beý­gel­ýär. 2013/14 möw­sü­min­de 2-nji ýe­ri eýe­läp, has ýo­ka­ry li­ga bo­lan “2. Bun­des­li­ga­nyň” we­ki­li bol­ýar. Bu ýer­de 2 ýyl çy­kyş ed­ýär. Il­kin­ji ýy­lyn­da 5-nji bo­lan to­par ge­çen möw­sü­miň ahy­ryn­da-da 2-nji or­ny eýe­läp, ýur­duň iň ýo­ka­ry li­ga­sy­na, ýag­ny “Bun­des­li­ga” çyk­ýar. 100 mil­li­on ýew­ro­lyk ma­ýa go­ýan ener­gi­ýa iç­gi­si­ni ön­dü­ri­ji şe­re­ket ýyl-ýyl­dan eden çyk­da­jy­sy­nyň öwe­zi­ni alyp baş­la­ýar. “Le­ip­si­giň” dö­re­di­len­den ba­ry-ýo­gy 7 ýyl­dan soň, (soň­ky ýyl­la­ryň iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­si) Ýew­ro­pa­nyň iň güýç­li çem­pio­nat­la­ry­nyň bi­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy­ny bi­ler­men­ler ta­ry­hy ba­şar­nyk diý­lip bel­le­ýär­ler.
“RB Le­ip­sig” to­pa­ry öz du­şu­şyk­la­ry­ny öň­ki Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň 120 müň orun­lyk meş­hur “Zent­rals­ta­di­on”-ynyň ýe­ri­ne 43 müň jan­kö­ýe­re ni­ýet­le­nip gur­lan “Red Bull Are­na­da” geçirýär. Klu­buň oýun­çy­la­ry­nyň umu­my gym­ma­ty 81 mil­li­on ýew­ro deň bo­lup, 580 mil­li­on ýew­ro­lyk “Ba­wa­ri­ýa” bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bu gör­ke­zi­ji ju­da az. To­par­da şwe­si­ýa­ly Emil Fors­berg hem-de da­ni­ýa­ly Ýus­suf Pol­sen ýa­ly az-ow­lak ta­nal­ýan 2 oýun­çy bar. To­mus­da Oli­wer Bur­ke, Ti­mo Wer­ner, Na­bi Kei­ta ýa­ly fut­bol­çy­lar bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­di­ren klub trans­fe­re je­mi 50 mil­li­on ýew­ro harç­la­dy. To­pa­ryň bil bag­la­ýan ýaş oýun­çy­la­ry hök­mün­de Ger­ma­ni­ýa­nyň 21 ýa­şa çen­li­le­riň ýy­gyn­dy­syn­da-da oý­na­ýan Da­wie Sel­ke bi­len 22 ýa­şyn­da­ky awst­ri­ýa­ly Mar­sel Sa­bit­zer gör­ke­zil­ýär.
“RB Le­ip­si­giň” bu ba­şar­ny­gyn­da, şüb­he­siz, “Ştut­gart”, “Şal­ke-04” ýa­ly klub­lar­da-da iş­län tä­lim­çi Ralf Rag­ni­giň pa­ýy diý­seň uly. Ol “Le­ip­si­gi” “Bun­des­li­ga” çy­ka­ra­nyn­dan soň, ge­çen to­mus­da tä­lim­çi­li­gi taş­lap, to­pa­ryň sport di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ne geç­di. Onuň or­nu­na awst­ri­ýa­ly Ralf Ha­sen­huttl tä­lim­çi bol­dy. Çem­pio­na­tyň üç­den bi­ri ta­mam­la­nyp bar­ýar we “Le­ip­sig” 10 oýun­da 1 ge­ze­gem utul­ma­dy. 3 ge­zek deň­me-deň oý­nan to­par 6 utuk ýi­tir­di. “Ba­wa­ri­ýa” bi­len bir ha­tar­da 24 utuk top­lan to­par 2-nji orun­da bar­ýar. Ýeri gelende aýtsak, “Bawariýa” bilen “Leipsigiň” arasyndaky duşuşyk 21-nji dekabrda oýnalar. Eger-de 2 toparam ýaryşy möwsümiň ahyryna çenli deňeçerräk ýagdaýda dowam etdirse, onda soňky tapgyrlarda oýnaljak jogap oýnunyň ähmiýeti hasam uly bolar. Hatda şol oýun çempiony-da kesgitläp biler.
“RB Le­ip­si­giň” “Bun­des­li­ga” çyk­ma­gy bi­len 7 ýyl­dan soň, ýur­duň iň uly li­ga­syn­da öň­ki Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň-da we­ki­li bol­ýar. Iň soň­ky sa­par “Bun­des­li­ga­da” 2009/10 möw­sü­min­de Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň “Ener­gi Kott­bus” to­pa­ry çy­kyş edip­di. 1990-njy ýy­lyň 3-nji okt­ýab­ryn­da iki Ger­ma­ni­ýa­nyň bir­leş­me­gin­den soň, 1991/92 möw­sü­min­de Gün­do­ga­ryň soň­ky çem­pio­ny “Han­za Ros­tok” bi­len 2-nji ýe­ri alan “Di­na­mo Drez­den” “Bun­des­li­ga­nyň” ha­ta­ry­na go­şul­ýar. “Stahl Bran­den­burg”, “Chem­nit­zer FC”, “FC Carl Zeiss Je­na”, “VfB Le­ip­zig” (“Le­ip­sig”), “Hal­lescher FC”, “Rot-Weiss Er­furt” ýa­ly to­par­lar bol­sa, “2. Bun­des­li­ga” ug­ra­dyl­ýar. Ozal­ky Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň 2-nji uly şä­he­ri Le­ip­si­giň esasy to­pa­ry “Le­ip­sig” 2 ýyl­dan soň, 1992/93 möw­sü­min­de “Bun­des­li­ga” çyk­ýar. 1893-nji ýyl­da dö­re­di­len “Le­ip­sig” to­pa­ry 1 ýyl­dan soň, ýe­ne-de aşa­ky li­ga düş­ýär. To­par hä­zir­ki wagt­da pro­fes­sio­nal däl li­ga­lar­da çy­kyş ed­ýär.
“RB Le­ip­sig” klu­bu­nyň sa­ýa­syn­da 550 müň ilat­ly Le­ip­sig şä­he­ri­niň bir klu­by 22 ýyl­dan soň, “Bun­des­li­ga­da” oý­na­ýar. Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýanyň adyndan ýo­ka­ry li­ga­da iň köp wagt­lap oý­nan klub “Han­sa Ros­tok” bo­lup, ol “Bun­des­li­ga­da” 8 ýyl özü­ni gör­kez­di. Hä­zir­ki wag­ta çen­li “Bun­des­li­ga­da” gün­do­gar­ly­la­ryň adyn­dan “Han­sa Ros­tok”, “Le­ip­sig”, “Di­na­mo Drez­den” hem-de “Ener­gi Kott­bus to­par­la­ry we­kil­çi­lik et­di. “RB Le­ip­sig” “Bun­des­li­ga­da” çy­kyş ed­ýän 5-nji Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa klu­bu­dyr. Toparyň hä­zir­ki şow­ly gün­le­ri­ni ha­ça­na çen­li do­wam et­dir­jek­di­gi­ni hem-de möw­sü­mi nä­çin­ji­lik bi­len ta­mam­la­jak­dygy­ny wagt gör­ke­zer.