Ysmanagyň we beýleki bakja önümleriniň düzümindäki nitratlaryň türgenleriň işjeňligini artdyrýandygy belli boldy. Munuň şeýledigi Belgiýanyň Lewan uniwersitetinde geçirilen barlaglarda mälim boldy. Oňa fiziki taýdan ortaça taýýarlykly türgenler gatnaşdylar. Synaga gatnaşyjylar hepdede üç gezek gysga aralyga ýokary tizlik bilen welosipedde gitmeli boldular diýip, “The Indian Express” ýazýar. Türgenleşikden öň meýletinçilere nitrat garyndyly iýmit beripdirler. Hünärmenler kadaly şertlerde gatnaşyjylaryň işjeňligine baha beripdirler.
Barlag geçirijiler bäş hepdeden soň, türgenleşiklerde meýletinçileriň şeýle iýmiti kabul edenligi üçin myşsa süýümleriniň gurluşynyň özgerendigini ýüze çykarypdyrlar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, esasan hem, türgenlere kislorod ýetmedik halatynda energiýa zerurlygy ýüze çykýar. Şonda olaryň tiz okislenýän myşsa süýümleri işjeň herekete geçip başlaýar. Nitratlara baý önümler türgenleriň güýjüniň artmagyna, netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär.