Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň gelen netijesine görä, ýagşylyk edýän adamlaryň ruhy ýagdaýy durnukly bolup, göwnüçökgünlige düşmeýän ekenler. Çünki töweregiňdäkilere ýagşylyk edeniňde, beýniniň neýronlaryndan ruhy ýagdaýyňy sazlaýan endorfinler bölünip çykýan eken.
Täze barlaglara 100 adam gatnaşyp, meýletinçileri iki topara bölüpdirler. Birinji topar barlaglaryň dowamynda haýyr-sahawat işleri bilen meşgul bolupdyr, ikinji topar bolsa, adaty durmuş ýörelgesini alyp barypdyr. Barlaglaryň dowamynda ikinji topar bilen deňeşdireniňde, birinji topar stres ýaly ýagdaýlara az sezewar bolupdyr. Olar hemişe ruhy taýdan rahatlygy we şatlygy başdan geçiren ekenler. Ikinji toparyň meýletinçileri bolsa, ruhy dartgynlylygy başdan geçiripdirler. Onuň üstesine-de, olarda göwnüçökgünlige düşmek ýaly ýagdaýlaryň ösüş howpy has ýokary bolup çykypdyr.