Armyt düzüminde saglygy saklamak üçin zerur bolan köp kletçatkalary, antioksidantlary, mineral maddalary we witaminleri saklaýan ýokumly miweleriň biridir. “Zee News” saýtynyň ýazmagyna görä, bu miwe ýürek, düwnük, süýjükesel, osteoporoz we ýokary gan basyşy ýaly nähoşluklarda aýratyn ýardam berýär. Şeýle hem armyt uzak wagtlap dokluk duýgusyny saklaýar.
ABŞ-nyň Luiziana uniwersitetiniň soňky geçiren barlaglaryna görä, iýmit sanawynda armyt bolmadyklara garanyňda, armyt iýýänleriň agramlary pes derejede bolupdyr. Şeýle hem, armyt iýýänler 35 göterim seýrek semreýän ekenler. Şonuň bilen birlikde, fiziki işjeňlik bilen baglanyşykly tapawut hasaba alynmady. Umuman alanyňda, armydy halaýanlar şekerli we ýagly zatlardan gaça durýan ekenler. Her günde bir armyt bedeniň kletçatkalar, witamin С, magniý, kaliý bilen doly üpjün bolmagynda doly ýeterlikdir.