9-10-njy noýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy bilen birlikde “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi.
Russiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kipriň, Sloweniýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleriniň hatarynda 200-e golaý myhmanyň maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelmegi aýdylanlary ýene bir gezek subut edýär.
Söwda-senagat edarasynyň meýdançalarynda ýerleşen, köpugurly serginiň diwarlyklarynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek ýaryşlara – Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berilýär.