Däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygy Türkmenistanda giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Bu möhüm senä uly baýramçylyk meýilnamasy bagyşlanylýar. Oňa ylmy maslahatlar, konsertler, sahnalaşdyrylan oýunlar we sport ýaryşlary girýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen topragynyň jomartlygyny alamatlandyrýan bereketli saçaklar giňden ýazylýar we ýarmarkalar guralýar.
Durmuşyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşe beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky abadançylygyň girewi, bolelin durmuşyň çeşmesi hökmünde suwa aýratyn sarpa goýýar we aýawly çemeleşýär, şonuň üçin hem oňa aýratyn many berip, “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramyna uly ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw tygşytlaýan tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn suwaryş we suw tutmagyň beýleki öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ugurda birnäçe uly taslamalar durmuşa geçirildi, paýtagtymyzda we welaýatlarda iň täze suw arassalaýjy desgalar guruldy, her bir etrapda we obada häzirki zaman desgalary we suw çeşmeleri peýda bolup, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.