Tä­ze­den bok­sa do­la­nyp ge­len fi­lip­pin­li Man­ni Pa­ki­ýao WBO-nyň or­ta ag­ram­da­ky dün­ýä çem­pio­ny bol­dy. Mun­dan 7 aý ozal, bok­sy taş­lan­dy­gy­ny ha­bar be­ren tej­ri­be­li boks­çy ABŞ-nyň Las We­gas şä­he­rin­de Jes­si War­gas bi­len tut­lu­şyk ge­çir­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk 12 raund­lap do­wam et­di. Ne­ti­je­de, 37 ýaş­ly Pa­ki­ýao 3 emi­niň çy­ka­ran ne­ti­je­si bo­ýun­ça (118–109, 118–109, 114–113) gar­şy­da­şy­ny ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 67-nji tut­lu­şy­gyn­da­ky 59-njy ýeň­şi bo­lup (38-si no­ka­ut), ol 6 sa­par utul­dy. 2 du­şu­şy­gy-da deň­lik­de ta­mam­la­nan Pa­ki­ýao WBO-nyň or­ta ag­ram ug­ry bo­ýun­ça gu­şa­gyň tä­ze eýe­si bol­dy. 27 ýa­şyn­da­ky ame­ri­ka­ly Jes­si War­ga­syň bu tut­lu­şy­ga çen­li 27 ýeň­şi, 1 ýeň­li­şi bar­dy.
Ýur­dun­da se­na­tor bo­lan Manni Pa­ki­ýao ap­rel aýyn­da Ti­mo­ti Bred­li­ni ýe­ňe­nin­den soň, boks bi­len hoş­la­şan­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Ýö­ne iýul aýyn­da tä­ze­den bok­sa baş­la­jak­dy­gy­ny ha­bar be­ren Pa­ki­ýao 8 dür­li ugur­da dün­ýä çem­pi­on­ly­gynyň eýe­si bo­lan ýe­ke-täk boks­çu­dyr. Ol ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da asy­ryň tut­lu­şy­gy diý­lip, bel­le­nen du­şu­şyk­da ame­ri­ka­ly Floýd Meý­we­zer­den as­gyn ge­lip­di.