ormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin edýän irginsiz aladalaryna jogap hökmünde türkmen türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar türkmen halkynyň buýsanjy bolan ýaşyl Tugumyzy al-asmanda pasyrdadyp, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň sport ussatlary Rumyniýada hem-de Bolgariýada geçirilen dünýä çempionatlaryndan baýrakly dolandylar. Bu ýurtlarda degişlilikde sportuň karate we sambo görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirildi.
Rumyniýanyň Braşow şäherinde dünýäniň 20 ýurdundan türgenleriň 300-e golaýyny ýygnan aşihara-karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanlylar medallaryň ikisine – kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden aşgabatly Farhad Jumiýew çykdy. Şonda baýraklar ugrunda 12 türgen güýç synanyşdy. Şol agram derejesinde Lebap welaýatyndan pälwan Selim Seýidow bürünç medalyň eýesi boldy.
Aşihara-karate 1980-nji ýylda ýapon ussady Hideýuki Asihara tarapyndan esaslandyryldy. Sportuň bu görnüşi başa-baş söweşleriň kýokuşinkaý, dzýudo we aýkido ýaly meşhur görnüşlerinden tutluşyklaryň usullaryny, şeýle hem bu göreşi esaslandyryjy Aşiharanyň özi tarapyndan işlenilen tilsimleri özünde jemleýär.
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýäniň 41-nji çempionaty geçirildi. Çempionat dünýäniň 80 döwletinden türgenleriň ýüzlerçesini özüne jemledi. Ýaryşyň iki gününde türkmenistanlylar medallaryň dördüsine – söweş sambosy boýunça kümüş we bürünç hem-de nusgawy samboda iki bürünç medala eýe boldular.
Toparymyzyň düzüminde 100 kilograma çenli agramda çykyş eden Çarymyrat Annagurbanow 20-den gowrak türgeniň arasynda ikinji orny eýeledi. Final tutluşygyna çenli ol iki duşuşykda ynamly ýeňiş gazandy, aýgytly tutluşykda russiýaly Mihail Mohnatkinden çekeleşikli geçen duşuşykda ýeňildi. Häzirki wagta çenli onuň gazanan iň esasy üstünligi şu ýylyň baharynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçen Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp bolmagydyr.
Söweş sambosy boýunça 62 kilograma çenli agramda Kerimberdi Döwletow üçünji orny eýeledi. Sambonyň nusgawy görnüşinde çykyş eden Tejen Tejenow dünýä çempionatynda ýene bir bürünç medala mynasyp boldy. Bu türgen hem dürli iri halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek hormat münberine çykypdy.
Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde dördünji baýraga – bürünç medala halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa mynasyp boldy. Türgenimiz 52 kilograma çenli agramda çykyş edip, 20-ä golaý türgeniň arasynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.
Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy.
Sambo boýunça ýaryşlar ýurdumyzyň paýtagtynda geljek ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girýär. Şu nukdaýnazardan Sofiýadaky dünýä çempionaty Türkmenistanyň taryhynda iň uly yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşa taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.