17-nji noýabrda “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewa ýokary döwlet sylagyny – “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşurdy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, medeniýet ministri, milli parlamentiň komitetleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň, Agrar partiýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz teatr artistleriniň köp nesilleriniň halypasyny mähirli garşylap, Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sahna ussady, özüniň bütin döredijilik durmuşyny sungata bagyş eden Fahriýa Aliýewany hemmeleriň tanaýandygyny nygtady. Ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda 65 ýylyň dowamynda işledi, öz halkyna wepaly hyzmat etdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Fahriýa Aliýewa milleti boýunça özbek, 1922-nji ýylyň 1-nji iýulynda Kaka etrabynda dogulýar, köp çagaly maşgalada terbiýelenýär. 1941-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynda “drama we kinoaktýory” hünärini tamamlaýar. 1941-nji ýyldan başlap, 2006-njy ýyla çenli ýurdumyzyň meşhur teatrynda işleýär.
Döwlet Baştutanymyz zehinli sahna ussadynyň türkmen teatr we kino sungatynyň kemala gelmegine hem-de kämilleşmegine uly goşant goşandygyny, ajaýyp, unudylmajak sahna keşpleriniň köpsanlysyny döredendigini, kinofilmlerde keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ählihalk ykrarnamasyna we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolandygyny belledi. Fahriýa Aliýewanyň medeniýeti ösdürmekde, ýaş zehinleri, sahna ussatlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde bitiren işleri uludyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Biz milli sungatymyzyň ussatlaryna çuňňur hormat goýýarys, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe olaryň yhlasly zähmetine mynasyp baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu asylly däbe eýerip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda döredijilik ulgamynyň wekilleriniň birnäçesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlara Fahriýa Aliýewanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen orden bilen sylaglanandygyny yglan etdi. Ol bu ýokary döwlet sylagyna Watanymyzyň Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýaş nesli mynasyp terbiýelemäge goşan goşandy, şeýle hem onuň Garaşsyz döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllyk yhlasly we göreldeli zähmeti üçin mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen sungatyna goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, görnükli sahna ussadyna ýokary döwlet sylagyny gowşuryp, oňa berk jan saglyk, uzak ömür we bagt arzuw etdi. “Goý, Siziň türkmen teatr we kino sungatynda döreden ajaýyp keşpleriňiz zehinli ýaşlar üçin hemişe nusga bolup hyzmat etsin!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň halk artisti öz köpýyllyk zähmetine ýokary baha berlendigi, dünýäde türkmen medeniýetini we milli sungaty giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan şahsy işi hem-de aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi. Fahriýa Aliýewa bu sylagy ýurdumyzyň häzirki zaman sungatynyň gözbaşynda duranlaryň ählisiniň zähmetine berlen baha diýip hasap edýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimize özüne bildirilen ýokary sarpa üçin ägirt uly hoşallygyny ýene bir gezek beýan edip, meşhur artist döwlet Baştutanymyza Garaşsyz Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan köptaraplaýyn işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin meşhur artiste minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara ýüzlendi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üç sütüne – bilim, milletiň saglygy we medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine esaslanýandygyny belledi. Biz häzirki döwürde bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berýäris, sebäbi bilimli nesil–kuwwatly watandyr. Hemmetaraplaýyn bilimli, geljekde Watanymyzyň ykbalyny ele aljak ýokary aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmek Watanymyzyň ykdysady abadançlygynyň hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, döwletimizde we jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasyň gaýtadan dikeldilimegine, onuň aýawly saklanyp geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýändigini belledi. “Medeniýet halkyň kalbydyr”.
Häzirki wagtda bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ileri tutulýan ugurlar bolmak bilen, döwlet syýasatynyň bitewi özenini düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu ýörelgeler parasatly ata-babalarymyzyň wesýet eden däp-dessurlarynyň esasyny düzýär. Häzirki nesilleriň wezipesi olary saklamak, kämilleşdirmek hem-de döwrüň ruhuna laýyklykda ösdürmek bolup durýar.
Milli Liderimiz üç ugruň ählisiniň sazlaşykly we ýakyn baglanyşykda ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, munuň türkmenistanlylaryň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmegiň hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň baş şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik guramalary hem-de beýleki degişli düzümler tarapyndan bu ulgamlary ösdürmek boýunça degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda halk artisti Fahriýa Aliýewany ýokary döwlet sylagy bilen ýene bir gezek gutlap, dabara gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we işde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.
* * *
Şol gün Baş drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewa “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeniň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Biziň ýurdumyzda öz zehini, zähmeti hem-de döredijilik ylhamy bilen has tapawutlanýan bu ulgamyň işgärlerine hormatly atlary dakmak we ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Ine, bu gün hem teatr sungatynyň meşhur ussady Fahriýa Aliýewa hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden ýokary döwlet sylagyny almak hormatyna mynasyp boldy. Ol “Otello”, “Zöhre -Tahyr”, “Elwan ýaglykly serwim”, “Derňewçi”, “Gelin gelýär”, “Gelinler”, “Korol Lir”, “Japbaklar” hem-de köp sanly beýleki sahna oýunlarynda gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň ýadynda galdy. F.Aliýewa şeýle hem türkmen režissýorlary tarapyndan düşürilip, häzirkizaman türkmen sungatynyň nusgawy eserlerine öwrülen “Aýal ata çykanda”, “Aşyr aganyň hötjetligi” we beýleki köpsanly kinofilmlerinde keşpleri ýerine ýetirdi. 1955-nji ýylda oňa “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 1974-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakyldy.