ABŞ-ly hünärmenler 1982 – 2015-nji ýyllar aralygynda geçirilen barlaglaryň maglumatlaryny seljerdiler. Olar ýumurtga iýmegiň we ýüregiň işemiýa keseliniň hem-de insultyň (beýnä gan inme) arasyndaky arabaglanyşygy öwrendiler. Barlag geçirijiler her günde bir ýumurtgany yzygiderli iýmegiň 12 göterim insulty peseldýändigini ýüze çykardylar.
Alymlar ýumurtganyň juda peýdaly önümdigini aýdýarlar. Bir ýumurtgada alty gram belok, lýuteiniň antioksidantlary we zeaksantinler, şeýle hem, E, D we A witaminleri bar. Mälim bolşuna görä, antioksidantlar okislenen stresden (okislenme netijesinde öýjüklere zeper ýetende) we sowuklamadan goraýar. Belok bolsa, gan basyşyny peseltmäge ýardam berýär.