Ýewropanyň zähmet durmuşynyň dowamlylygynyň ortaça görkezijisi 2015-nji ýylyň maglumatlaryna laýyklykda, belli bir möçberde artdy. Ýewropa Bileleşiginiň “Eurostat” statistika gullugynyň maglumatyna görä, bu görkeziji 35,4 ýyla deň boldy.
Zähmet durmuşynyň dowamlylygynyň ortaça görkezijisi – 15 ýaşyndaky adamyň öz durmuş ýolunda zähmet bazarynda işjeň işlän ýyly bilen kesgitlenýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky görkezijide öňdäki orny Şwesiýa eýeleýär. Bu ýurtda zähmet durmuşynyň dowamlylygynyň ortaça görkezijisi 41,2 ýyla barabardyr. Gollandiýada bu görkeziji 39,9, Daniýada 39,2, Beýik Britaniýada 38,6 we Germaniýada 38 ýyla deňdir.
Zähmet durmuşynyň maglumatlarynda iň gysga döwür Italiýa degişlidir. Ol 30,7 ýyla barabardyr. Şeýle hem Bolgariýada 32,1, Gresiýada 32,2, Belgiýa, Horwatiýa, Polşa we Wengriýada 32,6, Rumyniýada bolsa, 32,8 ýyl bilen kesgitlenýär.
2005-2015-nji ýyllar aralygynda Ýewropa Bileleşiginde zähmet durmuşynyň dowamlylygynyň ortaça görkezijisi 1,9 ýyl artdy. Aýallarda bu görkeziji 2,6 ýyl, erkeklerde 1,2 ýyl köpeldi.