2016-njy ýyl­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­niň (World Health Day) baş mow­zu­gy – “Süý­jü­ke­sel­den üs­tün çy­ka­rys!” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Dur­muş­da sag­lyk­dan gym­mat­ly zat ýok­. Dog­ry iý­mit­len­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da dur­mak ada­myň he­mi­şe ju­wan we ru­hu­be­lent sak­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak – her bir ösen döw­le­tiň baş mak­sa­dy­dyr. Her ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni hem hut şu mak­sat bi­len ge­çi­ril­ýär. Ol nä­hi­li baý­ram­çy­lyk we nä­hi­li ýü­ze çy­kyp­dyr?
Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni 1948-nji ýyl­dan bä­ri bel­le­nil­ýär. Sag­ly­gyň mö­hüm­di­gi­ni adam­la­ra gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len, ol her ýyl­da bel­le­nip ge­çil­ýär. Şol gün­ler sag­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly has ýi­ti me­se­le­ler dün­ýä de­re­je­sin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar we sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­la­ry­nyň öňün­de bir­nä­çe me­se­le­ler goý­lup, ola­ryň çöz­güt ýol­la­ry göz­le­nil­ýär. Bü­tin­dün­ýä Sag­lygy Goraýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­la­ry yzy­gi­der­li mas­la­hat­la­ry ge­çi­rip, on­da dür­li ýurt­la­ryň we­kil­le­ri dür­li nu­tuk­lar bi­len çy­kyş ed­ýär­ler. Onuň 1948-nji ýyl­da ge­çi­ri­len il­kin­ji mas­la­ha­tyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni ge­çir­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul edil­ýär. Türk­me­nis­tan bu gu­ra­ma­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy­dyr.
Bu baý­ram­çy­lyk jem­gy­ýe­tiň bu me­se­lä­niň nä­de­re­je­de wa­jyp­dy­gy hak­da oý­lan­ma­gy, şeý­le hem di­ňe bir öz sag­ly­gyň däl-de, eý­sem, tö­we­re­giň­dä­ki­le­riň sag­ly­gy ba­ra­da hem pi­kir et­me­li­di­gi­ni ýat­lad­ýar. Dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu çä­re adam­la­ryň sag­ly­gy­ny we eş­ret­li dur­mu­şy­ny go­ra­mak mak­sa­dy bi­len bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ama­la aşyr­ma­ga Ýer to­ga­la­gy­nyň her bir ýa­şaý­jy­sy­nyň ün­sü­ni çek­mek­den yba­rat­dyr.
Bu dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki çä­re bo­lup, onuň esa­sy mak­sa­dy aý­ra­tyn al­nan me­se­lä ün­si gö­nük­dir­mek­den yba­rat. Gu­ra­ma­çy­lar mow­zuk saý­lap, onuň çöz­güt­le­ri­ne oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­ýär­ler. My­sal üçin, 2014-nji ýyl zy­ýan­ly mör-mö­jek­le­riň çak­ma­gy­na we onuň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­lan­dy. 2015-nji ýyl “Azyk howp­suz­ly­gy” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çen bol­sa, 2016-njy ýyl “Süý­jü­ke­sel­den üs­tün çy­ka­rys!” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ril­ýär.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­de 350 mil­li­ona golaý adam süý­jü­ke­sel­den ejir çe­kýär. Ýew­ro­pa se­bi­tin­de 60 mil­li­on adam bu ke­sel bi­len ýüz­be-ýüz­dür. 2012-nji ýyl­da dünýäde bu ke­sel 1,5 mil­li­on ada­myň ölü­mi­ne se­bäp bo­lupdyr. Süý­jü­ke­sel – ha­çan­-da, aş­ga­za­nas­ty mäz­le­ri ýe­ter­lik de­re­je­de in­su­lin ön­dür­me­se ýa-da iş­läp çy­ka­ran in­su­li­ni­ni be­den ne­ti­je­li ula­nyp bil­me­se, has-da güýç­len­ýär. In­su­lin – bu gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni düz­gün­leş­dir­ýär we dur­muş­da ze­rur bo­lan ener­gi­ýa­ny ber­ýär. Eger-de ol öý­jük­le­re düş­me­se, gan­da şe­ke­riň muk­da­ry howp­ly de­re­je­le­re çen­li art­ýar.
Dur­muş ýö­rel­gä­ňi öz­ger­dip, ýö­ne­keý usul­lar ar­ka­ly ikin­ji de­re­je­li süý­jü­ke­se­liň öňü­ni alyp bol­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek, yzy­gi­der­li fi­zi­ki zäh­met we ara­lyk ag­ram süý­jü­ke­se­liň ýü­ze çyk­mak how­pu­nyň öňü­ni alyp bi­ler. Süý­jü­ke­se­li be­je­rip bol­ýar. Oňa gö­zeg­çi­lik edip, gaý­ra üzül­me­ler­den ga­ça du­rup bol­ýar.