Asmandaky ýyldyzlary sanap aňyrsyna çykyp bolmaýar. Emma sport, hususan-da, futbol älemindäki ýyldyzlary sanamagyň müşgili ýok. Özem her döwrüň öz ýyldyzlary bar. Emma hemme döwürlerde-de sport asmanynda şugla saçýan türgenlerem az däl.
Awtosportda Mihael Şumaher, welosportda Lens Armstrong, başa-baş söweşde Fýodor Ýemelýanenko, boksda Muhammet Aly, tennisde Rojer Federer, ýeňil atletikada Useýn Bolt, suwda ýüzmekde Maýkl Felps… bu gün sportuň taryhyna öz atlaryny ýazdyran ussatlaryň hatarynda tanalýar.
Ýokarda futbol hakda ýörite dil ýarmadyk. Sportuň futboldan başga haýsy görnüşiniň şasy bar? Edson Arantes du Nasimentu futboluň şasy hasaplanýar. Ony bu oýnuň muşdaklary Pele ady bilen tanaýar. Peleden öňem, soňam has-da soňky onýyllyklarda, gör, näçe futbolçy futbol asmanyny bezedi?!
Olaryň diňe öz döwrüniň hakydasynda galanlary-da, ähli döwürlerde ady dilden düşmeýänleri-de bar. Megerem, portugaliýaly Ronaldo bilen argentinaly Messi şolaryň soňkusyna degişli bolsa gerek. Emma şu ýerde 3-nji bir futbolçynyň – Zlatan Ibragimowiçiň adyny okyjylaryň ýadyna salasym gelýär.
Ýöne näme üçindir her ýylyň başynda dünýäniň iň ökde futbolçusyna gowşurylýan “Altyn pökgi” baýragy berlende oňa, esasan, iki adam – Ronaldo bilen Messi dalaş edýär. Adatça, şol ada dalaşgärler 3 adam bolýar. Emma 3-njisi oňa “tomaşaçy” hökmünde gatnaşýar. Sebäbi ol baýrak gowşurylyş dabarasyna “Altyn pökginiň” berilmejekdigini öňünden boýun alyp barýar.
Futbol muşdaklarynyň we futbol hakynda ýazýan žurnalistleriň ençemesi bilen pikir alşyp, eger ussatlyga baýrak berilmeli bolsa, Ibragimowiçiň şu çaka çenli azyndan birki sapar “Altyn pökginiň” eýesi bolmalydygy baradaky netijä gelnendigini aýtmak isleýärin.
Özem häzirki futbol muşdaklarynyň aglabasynyň Madridiň “Realyna” ýa-da “Barselona” janköýerlik edýändigini hemmämiz bilýäris. Sebäbi şol toparlarda futbol äleminiň parlak ýyldyzlary Ronaldo bilen Messi çykyş edýär.
Madridlileriňem, katalonlaryňam janköýerleriniň hemmesiniň diýen ýaly “Altyn pökgi” babatda pikirdeşdigini, olaryň internetdäki çykyşlarynyň, pikir alyşmalarynyň mysalynda bilýärin. Olaryň pikiriçe, “Altyn pökgä” ýa Ronaldo, ýa-da Messi mynasyp.
Hatda ene-atasynyň doglan ýurdunda hem dünýä inmek miýesser etmedik Zlatan Ibragimowiçiň Şwesiýada doglandygyna, şol döwletiň milli ýygyndysynyň bolsa dünýä futbolunyň öňdebaryjylarynyň biri däldigine onuň özi asla günäkär däl. Aslyýetinde, aglaba ýagdaýda Ronaldo bilen Messi arzyly baýragy milli ýygyndydaky “gahrymançylygy” üçin almady. Esasan, olaryň çykyş edýän toparlarynyň Çempionlar ligasyndaky üstünligine goşan goşandy, juda bolmasa, şahsy ussatlygy diýen ýaly kesgitleme bilen olara baýrak gowşurylýar.
2017-nji ýyldan «Altyn pökgi» baýragynyň eýesiniň täzelenmegine garaşylýar. Sebäbi üstümizdäki ýylda Bütindünýä futbol guramasy (FIFA) bilen «France Football» neşiriniň arasynda baglaşylan 5 ýyllyk şertnamanyň möhleti tamamlandy. Geljek ýyldan başlap, olaryň hersi aýratynlykda dünýäniň iň ökde futbolçysyny kesgitlär. Şonuň üçin Ibragimowiçiň olaryň haýsy hem bolsa biriniň ses berlişiginde ykrar edilmegine garaşylýandygyny aýtmak gerek.
Hojaberdi Apbaýew,Türkmenistanyň Sport žurnalistleri federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy.