Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýakyndan goldaw bermeginde paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirilýär. Bu halkara forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda dabarada geçirildi. Şol çärede Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy belende galdyryldy.
Tutuş dünýä boýunça ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine bagyşlanan ilkinji forumyň öňýanyndaky çäre Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we metbugat wekilleri gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary U Hunbo Aşgabatdaky halkara maslahatynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine şeýle ýokary derejedäki maslahaty guramaçylykly geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin uly hoşallyk bildirdi.