Demir ýol ulgamy Türkmenistanyň ulag toplumynyň iň möhüm düzüm bölegi bolup, ýurduň ykdysady-durmuş ösüşinde we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň ulag kommunikasiýasy Uzak we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna hem-de Merkezi we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna eksport we import edilýän harytlary üstaşyr geçirmäge mümkinçilik berýär. Şol üstaşyr geçelgeleri, esasan hem, demir ýol bilen daşamak arkaly amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrligi 1993-nji ýyldan bäri Halkara Demir ýol bileleşiginiň assosirlenen agzasy, 1994-nji ýyldan bäri bolsa, Demir ýollar boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolup, Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň – “ТРАSЕКА”-nyň taslamalaryna işjeň gatnaşýar. Şeýle hem, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy – EKO, Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça BMG-niň Ykdysady Komissiýasy – ESKATO bilen işjeň aragatnaşyklary saklaýar.
Demir ýollar ýolagçylary we ýükleri daşamakda sebitleriň halk hojalygynyň we onuň ilatynyň zerurlyklarynyň uly bölegini üpjün edýär. 2003-nji ýylda “Türkmendemirýollary” müdirliginiň esasynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrligi döredildi. Ministrligiň düzümine Aşgabat we Türkmenabat bölümleri girýär. Esasy merkezi beketler: Türkmenabat-1, Türkmenabat-2, Mary, Sarahs, Änew, Owadandepe, Türkmenbaşy-1, Türkmenbaşy-2 ýaly beketlerden ybarat. Halkara sepleşdiriş beketleri: Türkmenbaşy-1, Farap, Gazojak, Tallymerjen, Kelif, Serhetabat, Sarahs, RZD №499, Tahiataş, Gubadag ýaly beketleri öz içine alýar.
Häzirki wagtda tutuşlygyna diýen ýaly demir ýoluň şpalynyň aşagyna düşelýän çagyl ýa-da çäge owradylan daşlar bilen çalşyryldy. Esasy ýoluň bütin ugrunda diýen ýaly demir-betondan edilen şpallar goýuldy. 1992-nji ýylda gurluşygy başlanyp, 1996-njy ýylyň maýynda 132 kilometri Türkmenistanyň çäklerinden geçýän 308 kilometr uzynlygyndaky täze Türkmenistan-Eýran demir ýoly (Tejen-Sarahs-Maşat) ulanyşa girizildi. Bu ýol Ýewropa we Aziýa sebitini birleşdirmäge, şeýle hem, häzirki zaman görnüşinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu ugurda Altyn Sähra, Gulanly, Oguz han, Sarahs beketlerinde demir ýol menzilleri guruldy.
Sarahs bekedi ägirt uly tehniki kuwwata eýe bolup, gelýän ýükleri häzirki zaman usullarynda özleşdirmegi üpjün edýär. Beketde bir koleýadan beýlekisine bir gije-gündizde 200-e çenli wagon geçirmäge ukyply merkez hereket edýär. Ýurduň paýtagtyndan Sarahsa çenli we yzyna diňe bir ýük otlulary däl, eýsem, ýolagçy otlulary hem gatnaýar.
1999-njy ýylyň sentýabrynda uzynlygy 203 kilometr bolan Türkmenabat-Atamyrat demir ýoly öz güýjümiz we serişdämiz bilen gurlup, ulanmaga berildi. Täze ugur ýurduň Günorta-Günbatar bölegini polat ýol bilen birleşdirdi. Atamyratda, Saýatda, Garabekewülde, Pelwertde we Halaç beketlerinde demir ýol menzilleriň binasy guruldy.