Ýur­du­myzda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň uzak­ möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ägirt uly teh­no­lo­gi­ýa ösü­şi ama­la aşyrylýar. Bu mak­sat­na­ma­da in­no­wa­si­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, äh­li ul­gam­la­ryň komp­ýu­ter­leş­di­ril­me­gi­ne hem-de dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni, şol san­da ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne laýyk gel­ýän hem-de mag­lu­mat alyş­ma­gy ýo­ka­ry hil­li üp­jün ed­ýän mil­li te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de mö­hüm mer­kez hök­mün­de, Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň, De­mir­ga­zy­gyň we Gü­nor­ta­nyň ara­syn­da mö­hüm mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk köp­rü­si hök­mün­de äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
Pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, iň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň hem-de tä­ze­lik­le­riň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ara­gat­na­şyk, san­ly te­le we ra­dio eşit­di­ri­şiň köp şa­ha­ly ul­ga­my üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär, res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­nyň elekt­ron usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Te­le­fon be­ket­le­ri­niň ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi giň zo­lak­ly in­ter­ne­te go­şu­lyş­magy hem-de mag­lu­mat­la­ry ýo­ka­ry tiz­lik­de ber­me­gi üp­jün ed­ýär. “Al­tyn asyr” mil­li öý­jük­li ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy­nyň müş­de­ri­le­riniň sa­ny bar­ha art­ýar.
Il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­myzyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, ýo­ka­ry hil­li te­le we ra­dio eşit­di­riş ýaý­lym­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­ginde uly müm­kin­çi­lik­ler we şert­ler döredildi. Mag­lu­mat we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa hyz­mat­la­ry ba­ba­tyn­da iş­le­riň hu­kuk taý­dan ka­da­laş­dy­ryl­ma­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek do­wam et­di­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pu­da­gyň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra te­le­fon ara­gat­na­şy­gy­nyň hem-de mag­lu­mat­la­ry ge­çir­me­giň göw­rü­mi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­makda yzy­gi­der­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan hal­ka­ra baş sü­ýüm­li-op­ti­ki ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň bä­şi­si­ni özü­ne bi­rik­dir­ýär, olar Aş­ga­bat-Ba­jy­gy­ran (Eý­ran), Ser­he­ta­bat-Hy­rat (Ow­ga­nys­tan), Ymam­na­zar-Aki­na (Ow­ga­nys­tan), Türk­me­na­bat-Bu­ha­ra (Öz­be­gis­tan) we Ga­ra­bo­gaz-Fe­ti­sow (Ga­za­gys­tan) ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­dyr.
Ýur­du­myz­da hal­ka­la­ýyn Aş­ga­bat-Ma­ry-Türk­me­na­bat-Da­şo­guz-Aş­ga­bat hem-de Ga­ra­bo­gaz-Türk­men­ba­şy-Aş­ga­bat-Ma­ry-Türk­me­na­bat-Ata­my­rat-Ymam­na­zar ra­di­al baş sü­ýüm­li-op­ti­ki ul­gam­la­ryň iki­si he­re­ket ed­ýär, olar goň­şy döw­let­le­riň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len bir­leş­di­ri­len­dir. Ola­ry gur­na­ma­gyň tas­la­ma­la­ry DWDM teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň bin­ýa­dyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­di, olar hal­ka­ra üs­ta­şyr hem-de ýer­li akym­la­ry goý­ber­mek­de se­kunt­da 100 gi­ga­bit ge­çi­ri­ji­li­gi bo­lan köp ýaý­lym­ly op­ti­ki ul­gam­lar­dyr.
Müş­de­ri­le­ri giň zo­lak­ly in­ter­ne­te bi­rik­dir­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan baş hem-de iç­ki zo­lak­da­ky ka­bel ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň ge­ri­mi bar­ha giňeldil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da 800-den gow­rak te­le­fon be­ket­le­ri ula­nyl­ýar, ola­ryň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy bol­sa, san­ly be­ket­ler­dir.
Aş­ga­bat­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy “öýe çen­li sü­ýüm­li ul­gam” bi­len gur­şa­lan­dyr, ýur­du­my­zyň äh­li ilat­ly ýer­le­rin­de ka­bel ul­gam­la­ry­nyň sü­ýüm-op­ti­ki ge­çi­ri­ji­ler bi­len çal­şy­ryl­ma­gy do­wam et­di­ril­ýär, mu­nuň özi hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. In­ter­net hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­la­ny­jy­la­ryň sa­ny ýo­ka­ry dep­gin­ler­de art­ýar. Soň­ky bäş ýy­lyň do­wa­myn­da bu gör­ke­zi­ji 5 es­se di­ýen ýa­ly ýokarlandy. Türk­me­nis­ta­nyň Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi her ýyl­da daş­ky in­ter­net aky­my­nyň möç­be­ri­ni 30-40 gö­te­rim art­dyr­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ADSL hem-de aý­ry­laş­dy­ry­lan ul­gam­lar, Wi-Fi teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­syn­da in­ter­net hyz­mat­la­ry edil­ýär. Öý­jük­li ara­gat­na­şy­gyň bin­ýat­la­ýyn be­ket­le­ri­niň äh­li ýer­ler­de gur­nal­ma­gy mag­lu­mat­la­ry ge­çir­me­giň ýo­ka­ry tiz­lik­li usu­ly­ny üp­jün et­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ilat­ly ýer­le­riň 97 gö­te­rim­den gow­ra­gy ara­gat­na­şyk ul­ga­my bi­len üp­jün edil­di.
“Di­ňe Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni düýpli öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de 2008-nji ýyl­dan baş­lap, hä­zir­ki wag­ta çen­li ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň 20,5 müň ki­lo­met­re go­la­ýy çe­kil­di.
Di­ňe soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň müş­de­ri­le­ri­niň sa­ny 50 gö­te­rim­den gow­rak art­dy. “Al­tyn Asyr” mil­li öý­jük­li ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan TMCELL ha­ryt ny­şa­ny bi­len 2G GPRS, 3G WCDMA we 4G LTE teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça yk­jam in­ter­net hyz­mat­la­ry hö­dür­le­n­ýär. Hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek hem-de hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, şeý­le hem ola­ryň ýaý­ra­wy­ny art­dyr­makda yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Gel­jek ýyl Aş­ga­bat­da 62 ýurt­dan tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­li­gi­niň teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi, mul­ti­me­diýa önüm­le­ri­ni hö­dür­le­mek, daş­ky in­ter­net ul­ga­my­nyň göw­rü­mi­ni hem-de in­ter­net­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak boýunça de­giş­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.