Il için­de Po­şa­lak ady bi­len ta­nal­ýan, wä­şi ar­tist Gur­ban­na­zar aga bi­len men ba­ryp-ha, 1986-njy ýyl­da G. Se­ýit­li­ýew adyn­da­ky ozal­ky me­de­ni aň-bi­lim teh­ni­ku­my­nyň ahyr­ky kur­sun­da oka­ýar­kam ta­ny­şyp­dym. Biz kur­su­myz bo­lup, dip­lom işi üçin ýa­zy­jy No­bat­gu­ly Re­je­bo­wyň “Al­la­my ýa tyl­la” at­ly sse­na­ri­si­ni sah­na­laş­dy­ryp­dyk. Ma­ňa şon­da mol­la­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­gy tab­şy­ryp­dy­lar. Bi­ziň şol sah­na­my­za to­ma­şa et­mek üçin Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­den, eda­ra-kär­ha­na­lar­dan we­kil­ler ge­lip­di­ler. Şo­la­ryň ara­syn­da Türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň ede­bi-dra­ma re­dak­si­ýa­sy­nyň re­žiss­ýo­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­ýän Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew hem bar­dy. Şon­da ma­ňa onuň bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak mi­ýes­ser edip­di. Bi­ziň to­ma­şa­myz ta­mam­la­nan­soň, Gur­ban­na­zar aga sah­na çy­kyp, bi­ziň hem­mä­mi­ziň eli­mi­zi gy­syp gut­la­dy. Ma­ňa te­le­wi­de­ni­ýä işe gel­me­gi­mi tek­lip et­di. Şol wa­ka­dan soň, kän wagt geç­män­kä, men oku­wy­my ta­mam­lap, te­le­wi­de­ni­ýe­de işe baş­la­dym. In­di men owal­lar ma­wy ek­ran ar­ka­ly, ga­ýy­ba­na ta­na­ýan Po­şa­lak agam bi­len bir eda­ra­da iş­le­ýär­dim. Gur­ban­na­zar aga ma­ňa-da öz taý­ýar­la­ýan gül­kü­li sah­na­la­ryn­da keşp jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­ýar­dy. Şeý­dip, men te­le­wi­de­ni­ýe­de hem-ä re­žiss­ýor bo­lup iş­le­ýär­dim, he­mem sah­na­lar­da ar­tist­lik ed­ýär­dim.
Po­şa­lak aga, esa­san, ir dö­wür­ler türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň ede­bi-dra­ma re­dak­si­ýa­syn­da taý­ýar­lan­ýan “Ala­ýaz”, “Sa­ti­ra we ýu­mor”, “Tä­ze ýyl ag­şa­my” at­ly te­le­wi­zi­on sah­na­lar­da, şo­nuň ýa­ly-da te­le­wi­zi­on oýun­lar­da, te­les­pek­takl­lar­da çy­kyş edip, hal­kyň aňyn­da gül­kü­li sah­na­la­ryň us­sa­dy bo­lup gal­ma­gy ba­şar­dy. Şol wagt­lar Gur­ban­na­zar aga bi­len Ju­ma Ýaz­my­ra­dow (To­pa­lak), Ber­di Aşy­row (Eme­nek), Ta­gan Sa­ry­ýew (An­nam bri­gad), şeý­le-de Oraz­dur­dy Ho­ja­ýew, Ak­my­rat Bä­şi­mow, Al­la­ber­di Me­lä­ýew ýaly ar­tist­ler keşp jan­lan­dy­ryp to­ma­şa­çy­la­ryň göw­nün­den tur­ýar­dy­. Bu­la­ryň bi­ri-bi­rin­den gül­kü­li, wä­şi­li, gy­zyk­ly sah­na­la­ry­na, oýun­la­ry­na to­ma­şa­çy­lar sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­dy.
Köp­le­riň ha­ly­pa­sy, re­žiss­ýor hem akt­ýor, wä­şi, öm­rü­ni sun­ga­ta ba­gyş­lan Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew 1934-nji ýyl­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­har­ly et­ra­by­nyň Du­run oba­syn­da dün­ýä in­ýär. Baş­lan­gyç bi­li­mi oba­la­ryn­da­ky 7 ýyl­lyk mek­dep­de al­ýar. Ol 1948-nji ýyl­da mek­de­bi ta­mam­lap, oba­da zäh­met ýo­lu­na girişýär. 1950-nji ýyl­da Gur­ban­na­zar Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky mu­gal­lym­çy­lyk or­ta mek­de­bin­de okap baş­la­ýar. 1954-nji ýyl­da Gur­ban­na­zar oku­wy­ny Aş­ga­ba­dyň saz­çy­lyk uçi­li­şe­si­niň wo­kal bö­lü­min­de do­wam et­dir­ýär. Bu ýer­de okap ýör­kä, ol harby gul­luk bor­ju­ny ber­jaý et­mä­ge gid­ýär. Gul­luk­dan ge­le­nin­den soň, ýe­ne-de oku­wy­ny do­wam et­dir­ýär we ony 1960-njy ýyl­da ta­mam­la­ýar. Soň­ra ol Aş­ga­ba­dyň 5-nji or­ta mek­de­bin­de aý­dym-saz mu­gal­ly­my bo­lup, işe baş­la­ýar. Gur­ban­na­zar şol ýyllarda aý­dym-saz ug­run­dan mek­dep­ler üçin ýö­ri­te okuw gol­lan­ma­sy­ny hem ýaz­ýar. Gur­ban­na­zar bu ýer­de üç ýyl iş­lä­nin­den soň, te­le­wi­de­ni­ýä­niň aý­dym-saz re­dak­si­ýa­syn­dan mek­de­be we­kil­ler ge­lip, on­dan okuw­çy­la­ry­nyň ma­wy ek­ran­da çy­kyş et­me­gi­ni so­ra­ýar­lar. Şol çy­kyş­da Gur­ban­na­zar bi­len ge­çi­ri­len gür­rüň­deş­lik­den soň, te­le­wi­de­ni­ýä­niň şol wagt­ky re­žiss­ýor­la­ry oňa bu ýerde iş­le­me­gi tek­lip ed­ýär. Ol bir­ba­da okuw­çy­la­ryn­dan daş­laş­ma­ly bol­jak­dy­gy­na gy­na­nyp, bu me­se­lä­ni maş­ga­la­sy Ba­har gel­ne­je bi­len mas­la­hat­laş­ýar. Ýan­ýol­da­şy özü­niň gar­şy­ly­gy­nyň ýokdu­gy­ny aý­dyp, ga­la­ny­ny-da öz ýü­re­gi bi­len ge­ňeş­me­gi mas­la­hat ber­ýär. Şeý­dip, 1963-nji ýyl­da öň­ki mek­dep mu­gal­ly­my Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň aý­dym-saz re­dak­si­ýa­sy­na re­žiss­ýor we­zi­pe­si­ne işe ka­bul edil­ýär. Aş­ga­ba­dyň 35-nji or­ta mek­de­bi­niň ki­tap­ha­na­çy­sy bo­lup iş­läp ýö­ren Ba­har gel­ne­je bir gün ga­zet­de bil­di­ri­şe ga­bat gel­ýär. On­da Le­ning­rad şä­he­ri­niň ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ins­ti­tu­ty­na oku­wa ka­bul edil­ýän­di­gi ba­ra­da ýa­zyl­gy eke­ni. Ol mu­ny des­si­ne ýan­ýol­da­şy­na aýd­ýar we oňa şol oku­wa sy­na­ny­şyp gör­me­gi mas­la­hat ber­ýär. Gur­ban­na­zar şol ýyl bu okuw ja­ýy­nyň ki­no we teatr re­žiss­ýo­ry fa­kul­te­ti­niň ga­ýy­ba­na bö­lü­mi­ne res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şyr­ýar. Em­ma il­kin­ji sy­nag rus di­lin­den dik­tant ýaz­ma­ly bol­ýar we on­dan ge­çip bil­me­ýär. Bu ýag­daý bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­lan­ýar. 1968-nji ýyl­da Gur­ban­na­zar tä­ze­den ýo­la ro­wa­na bol­ýar. Ol ýe­ne rus di­lin­den sy­na­gy tab­şy­ryp bil­me­ýär. Şon­da ol mu­gal­ly­my­na şu ge­zek sy­nag­dan geç­män öýe bar­sa, aýa­ly­nyň özi bi­len aý­ry­lyş­jak­dy­gy­ny de­giş­me ähe­ňin­de aýd­ýar. Mu­gal­lym mu­ňa ör-gök­den gel­ýär we: – Ha­ny sen ikin­ji sy­na­gy­ňa-da bir sy­na­ny­şyp gör – di­ýip, oňa rug­sat­na­ma ýa­zyp ber­ýär. Ikin­ji sy­nag re­žis­su­ra­dan eken. Gur­ban­na­zar gep­le­män, et­ýud gör­nü­şin­de he­re­ket et­mek arkaly bir wa­ka­ny be­ýan ed­ýär. Mu­ny syn­lap otu­ran mu­gal­lym­lar oňa, el çar­py­şyp: – Sen, nä­me üçin şu­nuň ýa­ly ta­lan­tyň bar­dy­gy­ny bi­ze öň­ki ge­zek­ler duý­dur­ma­dyň. Seni almasak bolmaz – di­ýip, ony oku­wa ka­bul ed­ýär­ler. Şeý­dip, Gur­ban­na­zar 1972-nji ýyl­da ins­ti­tu­ty ta­mam­la­ýar. Oku­wy gu­ta­ryp ge­le­nin­den soň, ony te­le­wi­de­ni­ýä­niň ede­bi-dra­ma gep­le­şik­ler re­dak­si­ýa­sy­nyň re­žiss­ýor­ly­gy­na bel­le­ýär­ler.
Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew ma­wy ek­ran ar­ka­ly taý­ýar­lan­ýan sah­na­lar­da esa­san hem kär­de­şi, hem ýa­kyn dos­ty Ju­ma Ýaz­my­ra­dow bi­len her ýyl­da ge­çi­ril­ýän Tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan gep­le­şik­ler­de çy­kyş ed­ýär­di. Ju­ma aga türk­men ra­dio­syn­da iş­le­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, dos­tu­nyň ça­ky­ly­gy­na wagt tap­ýar­dy. Bu iki kär­deş sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, şol döw­rüň ek­ra­ny­nyň be­ze­gi­ne öw­rü­lip­di. Ola­ryň çy­ky­şy­na syn et­di­giň­çe, ru­huň gö­te­ri­lip, göw­nüň ga­nat­lan­ýar­dy.
Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew şa­hyr Ke­rim Gur­ban­ne­pe­so­wyň poe­ma­sy esa­syn­da “Ata we ogul” at­ly te­leo­ýun­da­ky keç­jal aga­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýar. Şol teleoýunda Po­şa­lak aga­nyň Ta­gan Sa­ry­ýew bi­len kö­ne ga­la­da­ky sah­na­la­ry enteklerem köpüň ýa­dyn­da bol­sa ge­rek. 1987-nji ýyl­da Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na ar­tist bo­lup işe bar­ýar. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da-da Gur­ban­na­zar aga ýat­dan çyk­ma­jak keş­pleri jan­lan­dy­ryp, teatr muş­dak­la­ry­nyň gyz­gyn söý­gü­si­ne my­na­syp bol­ýar. Şo­la­ryň bi­ri-de “Ke­mi­ne“ at­ly spek­takl­da­ky gar­ry pi­riň keş­bi­dir. 85 ýaş­ly san­dy­rak­lap, du­ran go­ja­nyň keş­bi­ni şol ýaş­da bol­man to­ma­şa­ça ýe­tir­mek ar­tis­ti­miz­den us­sat­lyk ta­lap ed­ýär.
Ze­hi­ni daş ýar­ýan ar­tis­ti öň­ki iş­län ýe­ri bo­lan ma­wy ek­ran ýe­ne-de özü­ne çe­kip baş­la­ýar. 1988-nji ýyl­da Gur­ban­na­zar aga tä­ze­den te­le­wi­de­ni­ýe­de işe gi­riş­ýär. Ol dö­wür­ler te­le­wi­de­ni­ýe­de re­žiss­ýor bo­lup iş­län Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, mer­hum Oraz Çer­ke­zo­wyň “Mag­tym­gu­ly” çe­per fil­min­de nö­ker­ba­şy­nyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ol “Dün­ýä bel­li adam” te­les­pek­takl­ynda-da baş keş­bi jan­lan­dyr­ýar. Gur­ban­na­zar aga di­ňe bir ma­wy ek­ran ar­ka­ly keşp jan­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ra­dioo­ýun­lar­da hem çy­kyş ed­ýär­di. “Aý­na bi­len Söh­bet ha­kyn­da ro­wa­ýat” at­ly ra­dioo­ýun­da­ky ýa­şu­ly ço­pa­nyň we baş­ga-da bir­nä­çe keşp­le­ri unu­dyl­maz tä­sir gal­dyr­ýar.
Gur­ban­na­zar aga­ny hor­mat­ly dynç alyş­da ýö­ren wagt­la­ry, ýag­ny 2001-nji ýyl­da Alp-Ars­lan adyn­da­ky mil­li ýaş­lar te­at­ry­na işe ça­gyr­ýar­lar. Ol bu te­at­ryň sah­na­syn­da-da “Nur­ber­di han” hem-de “Wa­tan hak­da üç aý­dym” spek­takl­la­ryn­da tä­sir­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şeý­le-de ol te­at­ryň sah­na­syn­da her baý­ram­çy­lyk gün­le­ri gör­ke­zil­ýän “Gül­ki ag­şa­my­nyň” hem her ge­zek­ki sa­nyn­da çy­kyş edip muş­dak­la­ry­nyň göw­nü­ni aw­la­ýar. Te­at­ryň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry “Gül­ki ag­şa­my” bi­len ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­ri­ne iş sa­pa­ry­na gi­den­le­rin­de, Gur­ban­na­zar aga-da şol çärelerde iş­jeň çy­kyş ed­ýär.
Ir dö­wür­ler türk­men ra­dio­sy­nyň re­dak­to­ry bo­lup, köp ýyl­lar iş­län, bel­li ýa­zy­jy Mag­tym­gu­ly Myş­şy­ýew ra­dio üçin oýun ýaz­ýar. Şon­da Mag­tym­gu­ly aga Gur­ban­na­za­ry ça­gy­ryp, ony dos­tu­nyň öýü­ne ug­rad­ýar. Gur­ban­na­zar bar­sa, Magtymguly aganyň dosty öý­de ýok eken. Soň­ra dos­tu­nyň maş­ga­la­sy Gur­ban­na­za­ry gar­şy alyp, onuň öňün­de çaý çö­rek, he­mem go­wur­ma goý­ýar. Myh­man hem-ä ajy­gyp ge­len­soň, he­mem go­wy gör­ýän ta­ga­my bo­la­ny üçin go­wur­ma­dan iş­dä­men­lik bi­len iý­ýär. Go­wur­ma­nyň ga­la­ny­ny-da: – In­di mu­ny siz­de hiç kim iý­mez – di­ýip, alyp gaýd­ýar. Şol wa­ka­dan soň, Gur­ban­na­za­ryň ady Po­şa­lak bo­lup gal­ýar.
Kö­püň ha­ly­pa­sy, wä­şi akt­ýor Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýe­we mil­li sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry göz öňün­de tu­tulyp, 1987-nji ýyl­da “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti”, 1994-nji ýyl­da-da “Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti” di­ýen be­lent at­lar da­kyl­ýar.
Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew (Po­şa­lak aga) 2011-nji ýy­lyň iýul aýy­nyň 6-sy­na 78 ýa­şy­nyň için­de uza­ga çe­ken agyr ke­sel­den soň ara­dan çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da onuň maş­ga­la­sy – ýan­ýol­da­şy Ba­har gel­ne­je, og­ly, gy­zy, 14 ag­ty­gy, 2 çow­lu­gy eş­ret­li durmuşy­my­zyň hö­zi­ri­ni gör­ýär­ler. Ili­ne-gü­nü­ne gül­ki paý­lan, wä­şi ar­tist “Po­şa­lak” ady bi­len ady­gan Gur­ban­na­zar Atak­ga­ýew bi­ziň ýü­rek­ler­miz­de my­da­ma ýa­şar. Çün­ki “Ýag­şy adam ýat­dan çyk­ma­ýar”.

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film”
bir­le­şi­gi­niň hü­när­me­ni.