azagystanyň paýtagty Astana şäherinde 1999-2001-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Onda biziň türgenlerimiz nobatdaky uly üstünlige eýe bolup, 13 medal gazandylar. Olaryň üçüsi altyn, bäşisi kümüş we şonçasy-da bürünç medallardyr. Munuň özi milli toparymyza umumy hasapda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Ýaryşlara dünýäniň 15 ýurdundan – Russiýadan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden türgenleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparynyň düzüminde altyn medallara Hekim Kakalyýew (45 kilograma çenli agramlyk derejede) we Tagantäç Güýçmämmedow (55 kilograma çenli agramlyk derejede) hem-de Pälwan Jumakow (50 kilograma çenli agramlyk derejede) mynasyp boldular. “Altyna” barýan ýolda olaryň hersi üç ýeňiş gazanmagy başardy.
Wise-çempionlyk derejesine Ylýas Rahmanow (50 kilograma çenli agramlyk derejede), Mekan Bekmyradow (55 kilograma çenli agramlyk derejede), Pälwan Gurbangeldiýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), Atageldi Tagandurdyýew (65 kilograma çenli agramlyk derejede) we Aly Meredow (95 kilograma çenli agramlyk derejede) eýe boldular. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna Agajan Täçmuhammedow (65 kilograma çenli agramlyk derejede), Hakberdi Yslamow (71 kilograma çenli agramlyk derejede), Ýazmämmet Ataýew, Nurberdi Nurberdiýew (ikisem 85 kilograma çenli agramlyk derejede) we Jemal Öwlýagulyýewa (63 kilograma çenli agramlyk derejede) galdylar.
Astanada geçirilen dünýä çempionatyndaky çykyşlar ýaş türkmen pälwanlarynyň köpüsi üçin halkara sport giňişligindäki ilkinji çykyşy boldy. Ýaryşyň netijeleri olaryň öňünde uly mümkinçilikleri açýan ilkinji synagdan üstünlikli geçendigine şaýatlyk edýär.