Dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmakda hususy kompaniýalaryň goşandy köpelip başlady. Olar hem häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ulag önümçiliginde daşky gurşawa zyýansyz awtoulaglary öndürmegi maksat edinýärler. Ine, bu ugurda Germaniýanyň dünýä belli “Daimler AG” konserni 10 milliard ýewro möçberinde maýa goýup, elektro hereketlendirijisi bolan ulaglary öndürmegi meýilleşdirýär.
Olar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli elektromobilleriň 10 görnüşini işläp taýýarlamagy maksat edinýärler. Bu barada awtokonserniniň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Tomeas Weber habar berdi. Şu ýylyň sentýabr aýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen halkara awtomobil sergisinde nemes konserni “Generation EQ” elektro hereketlendirijisi bolan täze ulagyň görnüşini hödürledi. 2025-nji ýylda kompaniýanyň ulag satuwynda elektromobilleriň paýy 15 göterimden 25 göterime çenli köpeler. Şeýle-de kompaniýa täze batareýa işläp düzüp, onuň bilen azyndan 600-700 kilometr ýol geçmegi maksat edinýär.