Bu gün merdana halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllyk beýik toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara derejesinde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde wajyp ähmiýetli dereje hökmünde kabul edilýär.
Watan Bitaraplygy mukaddes hazyna, egsilmez baýlyk. Bitaraplyk – Türkmenistany dünýä derejesinde ynsanperwer, dost-doganlyk ýoluna berk eýerýän ylalaşdyryjy merkeze öwürdi. Bu gün merdana halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllyk beýik toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara derejesinde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde wajyp ähmiýetli dereje hökmünde kabul edilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan taryhy gününden bäri 21 ýyl geçdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” barada Rezolýusiýa kabul edildi. Haýsy-da bolsa, bir döwletiň bitaraplygynyň döwletleriň şeýle köplügi bilen tassyklanmagy dünýä taryhynda ilkinji ýagdaýdyr. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň ägirt uly ýeňşine, ýaş, özbaşdak türkmen döwletiniň parahatçylykly, döredijilikli daşary syýasatyna halkara jemgyýetçiligiň beren ýokary bahasyna we hormatyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 3-ine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň täzeden goldamagynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi binýady berkden tutulan hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä döwletleri tarapyndan ýene-de bir gezek ykrar edilmegidir.
Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde, alnyp barylýan ykdysady ösüşler milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrlan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” we beýleki ençeme maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň diňe bir iri şäherleri däl, eýsem, sebitleriň iň çetdäki obalary hem tanalmaz derejede özgerdi. Her ýylda möhüm senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň köpsanlysy ulanmaga berildi. Bu bolsa, hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen egsilmez nygmatydyr.
Bitaraplyk syýasatynyň özeni taryhy we geografiki aýratynlygyna, ýurduň baý medeni-mirasynyň barlygyna, özünde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklary bolan — hoşniýetliligi, açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklary, agzybirligi özünde jemleýän belent häsiýetleri bilen giňden tanalýar. Üstesine-de, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň diňe bir içki ösüşini kesgitlemän, eýsem, sebitleýin ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini hem özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, halklaryň dostlugyny wasp eden bu belent pikirler türkmen döwletiniň ahlak esasy bolup durýar. Berkarar döwletimizde diňe bir içeri syýasatymyzda däl, eýsem, daşary syýasatymyzda hem şolara eýerilýär.
Munuň hut şeýledigine 26-27-nji noýabrda BMG-niň howandarlygynda gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi-de anyk şaýatlyk edýär. Bu uly maslahata birnäçe ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň onlarça döwletinden resmi wekiliýetleriň, BMG-niň hem-de onuň esasy komissiýalarynyň, ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly uly guramalaryň, Halkara ulag, demir ýol, awiasiýa, deňiz guramalarynyň, banklaryň, toparlaryň, agentlikleriň… ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gatnaşmagy, çykyş etmekleri, degişli çözgütleriň biragyzdan kabul edilmegi, onuň diňe bir aýry-aýry halklaryň däl, eýsem-de bolsa, tutuş adamzadyň bähbidini araýandygyna ýene-de bir gezek anyk şaýatlyk edýär.
Maslahatda Merkezi Aziýa we Hazar sebitleriniň, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, ýakyn Gündogaryň, hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini düzmek barada gürrüň edilmegi, çözgüdiniň tapylmagy Berkarar döwletimiziň, milli Liderimiziň alyp barýan Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatlarynyň bütin dünýäde uly goldaw tapýandygyna güwä geçýär.
Şeýle ajaýyp ösüşleriň, öňegidişlikleriň binýadynda duran eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Akjagül AŞYROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.