Her ýyl Aşgabatda şu günler geçirilýän halkara nebitgaz sergisi 7-nji dekabrdan 9-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde nobatdaky gezek ýaýbaňlandyrylýar. “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy onuň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Sergi merkezinde öz diwarlyklaryny ýerleşdirmäge dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belgiýanyň, Çehiýanyň, Rumyniýanyň, Singapuryň, Türkiýäniň, Eýranyň, we beýlekileriň 60-a golaý kompaniýalary ýüz tutdular. Olaryň birnäçesi abraýly foruma ilkinji gezek gatnaşýar.
Sergi merkeziniň zallarynda ýangyç çig malyny gözlemek, gazyp almak, arassalamak, saklamak we ugratmak, känleri geologiýa, geofizika we seýsmiki tarapdan barlamak, çuňňur burawlamak, ozal hereket edýänleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täze turba geçirijileri gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak ulgamynda önümler we hyzmatlar, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary giňden hödürlener.
Forumyň çäklerinde maslahat geçirilip, oňa 38 döwletden 160-a golaý wekiller gatnaşar. Olaryň arasynda nebitgaz pudagynyň, öndüriji zawodlaryň wekilleri, alymlar bar. Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bolan işewür toparlaryň wekilleri hem-de seljerijiler dünýäniň, sebitiň hem-de türkmen nebitgaz toplumynyň ösüş aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Çekişmeleriniň barşynda energiýa çeşmelerine hem-de olary ibermegiň serişdelerine howpsuz we kepillikli elýeterliligiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki günde ýurdumyzda nebite we gaza degişli geljegi uly düzümleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy, 200-e golaý känleriň üsti açyldy. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bu ýataklary özleşdirmäge çagyryp, Türkmenistan känleri işläp taýýarlamak babatda bolşy ýaly, iň öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmagyň esasynda döwrebap senagat düzümlerini döretmek ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin örän uly mümkinçilik açýar.