7-nji de­kabr­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de Da­şo­guz şä­he­ri­niň 2016-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň me­de­ni paý­tag­ty hök­mün­dä­ki we­zi­pe­si­niň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Ru­hy­ýet köş­gün­de da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň köp­san­ly­sy – Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, žur­na­list­ler hem-de köp­san­ly ýaş­lar ýyg­nan­dy­lar. Da­ba­ra gat­naş­ýan da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da – GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň, GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň, Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, şeý­le hem “Mir” döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri bar.
GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň – Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry je­nap Ko­nys­bek Žu­sup­be­ko­wa söz be­rildi, ol Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne ne­ti­je­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi üçin çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de özü­niň we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň adyn­dan Da­şo­guz şä­he­ri­ni 2016-njy ýyl­da Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tag­ty hök­mün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren hor­mat­ly we­zi­pe­si­niň üs­tün­lik­li ta­mam­lan­ma­gy bi­len ýyg­na­nan­la­ry gut­la­dy. Ko­nys­bek Žu­sup­be­kow bu çä­re­le­riň äh­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lup, köp­san­ly gy­zyk­ly du­şu­şyk­la­ra baý bo­lan­dy­gy­ny hem-de GDA gi­ňiş­li­gin­de yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.
2011-nji ýyl­dan bä­ri 13 sa­ny şä­her me­de­ni paý­tagt diý­lip, yg­lan edil­di. Ola­ryň ara­syn­da ga­dy­my türk­men şä­he­ri Ma­ry hem bar. Ol öz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da 2017-nji ýyl­da Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tag­ty we­zi­pe­si­ni Azer­baý­ja­nyň Gýan­ja şä­he­ri­niň ka­bul ed­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Rus­si­ýa­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Er­me­nis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Mol­do­wa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Be­la­ru­syň bel­li ar­tist­le­ri­niň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da Ar­ka­la­şy­gyň halk­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry gör­ke­zil­di.
Da­ba­ra­ly çä­rä gat­na­şy­jy­lar Da­şo­guz şä­he­ri­niň 2016-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň me­de­ni paý­tag­ty hök­mün­de we­zi­pe­si­niň çäk­le­rin­de göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň möh­le­ti­niň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler, on­da Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­na äh­li çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mä­ge be­ren gol­da­wy, döw­le­ta­ra yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne be­ril­ýän aý­ra­tyn üns üçin çuň­ňur ho­şal­lyk be­ýan edil­ýär.
Da­şo­guz şä­he­ri­niň Ar­ka­la­şyk – 2016-nyň me­de­ni paý­tag­ty hök­mün­de hor­mat­ly we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­lar Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry ru­hy baý­ly­gyň we me­de­ni­ýe­tiň ga­dy­my mer­kez­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de hä­zir­ki wagt­da hem se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň da­ýan­jy bo­lup çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry esa­syn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek tas­syk­la­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şo­guz şä­he­ri­ne bu hor­mat­ly de­re­jä­ni ber­mek ha­kyn­da çöz­güt 2015-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len GDA döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şin­de ka­bul edil­ipdi. “Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tagt­la­ry” Döw­le­ta­ra mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da Düz­gün­na­ma 2012-nji ýyl­da, şol wagt GDA baş­lyk­lyk ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şin­de tas­syk­lan­dy. Da­şo­guz şä­he­ri Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tag­ty diýen ab­raý­ly de­re­jä, edil Ma­ry ýa­ly özü­niň iň­ňän baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy my­na­sy­bet­li eýe bol­dy.