Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­de 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­ly­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 20 ýyl­ly­gy­nyň şa­ny­na 2015-nji ýyl “Bi­ta­rap­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk ýy­ly” diý­lip, yg­lan edilip­di. Hoş­ni­ýet­li bu ha­ba­ry di­ňe öz ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry gyz­gyn gar­şy­la­man, eý­sem, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de hem gyz­gyn gol­daw ta­pyp­dy. Mu­nuň özi bü­tin dün­ýä­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji ses­si­ýa­syn­da dün­ýä­niň 185 döw­le­ti­niň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da” Re­zol­ýu­si­ýa­nyň ka­bul edi­len­di­gi buş­lan­dy. Şol gün­ler bu hoş ha­bar hem­me­le­ri buý­san­dy­ryp­dy. Çün­ki Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yk­rar eden iň il­kin­ji Bi­ta­rap döw­le­ti, bi­ziň ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­dyr. Şo­nuň ýa­ly hem 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýunyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de 193 döw­let ta­ra­pyn­dan “Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy” Re­zol­ýu­si­ýasy­nyň bi­ra­gyz­dan ikin­ji ge­zek ka­bul edil­me­gi, dün­ýä döw­let­le­ri­niň 47-si­niň bu res­mi­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­me­gi, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ýö­red­ýän oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň BMG-de do­ly gol­daw ta­pan­dy­gy­na aýdyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne yg­rar­ly bo­lan ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu gün Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz dün­ýä­niň döw­let­le­ri­niň äh­li­si bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­de alyp bar­ýar. Bu gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ony gel­jek­de has-da ös­dür­mek ug­run­da ägirt uly iş­leri dur­mu­şa ge­çi­r­ýär.
Mu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de tek­lip eden, Mer­ke­zi Azi­ýa­da nus­ga­lyk aw­tou­lag ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak, şeý­le hem daş­ky gur­şaw we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler ba­bat­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny dö­ret­mä­ge gi­riş­mek, şeý­le-de, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça Se­bi­ta­ra Mer­ke­zi dö­ret­mek dog­ru­syn­da­ky we beý­le­ki baş­lan­gyç­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li tek­lip­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­si­nde giň ge­rim­li gol­daw tap­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­ma­ly­dy­rys.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gy­jy bi­len iş­le­nip dü­zü­len “Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi hem-de dur­nuk­ly ösü­şi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyny üp­jün et­mek­de onuň hyz­ma­ty” at­ly ta­ry­hy Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iki ge­zek tas­syk­lan­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar.
Gur­ban­dur­dy Ora­zow,TDLU-nyň mu­gal­ly­my.