Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklaryna açyk syýasaty dünýä bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga oňyn şertleri döretdi. Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan bu syýasaty ýurdumyza uly abraý getirdi. Üstümizdäki hepdäniň dowamynda bolup geçen möhüm wakalar muňa aýdyň subutnama boldy. Döwlet Baştutanymyzyň hepdäniň dowamynda kabul eden daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ygtybarly hyzmatdaşdygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Milli Liderimiz hepdäniň başynda ýurdumyzyň goňşusy Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Şol söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň we geljek üçin meýilnamalaryň amala aşyrylmagy babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 6-njy dekabrda ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz we myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Soçide bolan duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berdiler.
Russiýa ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar, RF-niň işewür toparlary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalary işleýärler, olar bilen bilelikde, dürli ugurlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin bolsa, oňat şertler bar. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň, RF-niň beýleki sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli döwletara gatnaşyklarynyň ajaýyp mysalydygy bellenildi.
Mundan başga-da milli Liderimiz 7-nji dekabrda ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşy “General Electric” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýadaky hem-de GDA ýurtlaryndaky prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Ronald J.Pollettini kabul etdi. Myhman “General Electric” kompaniýasynyň ösüş ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda elektroenergetika kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamy boýunça Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “General Electric” kompaniýasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň oňyn netije berýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ylmyň iň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tehnologiýalara we täzeçil usullara uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara alyp, işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman Türkmenistanyň halkara giňişliginde özüni ygtybarly, işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belläp, kompaniýanyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Işewüriň belleýşi ýaly, “General Electric” kompaniýasy bu ulgamda ägirt uly tejribe toplan, işewürligi alyp barmak üçin zerur şertler döredilen, oýlanyşykly maýa goýum syýasatyny ýöredýän, ägirt uly ykdysady hem-de serişde kuwwatyna eýe bolan ýurduň geljegi uly bazarynda öz ornuny pugtalandyrmak üçin ähli zerur tagallalary eder. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we işewür ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň täze bilelikdäki taslamalaryň üsti bilen üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.