– Saýlaw ýurduň Konstitusiýasynda hem-de kanunçylygynda göz öňünde tutulan aç-açanlyk we adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Ýurduň esasy syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň geçirilýän döwründe hiç hili kanundan çykma ýagdaýa duş gelinmedi – diýip, M.Abdusalomow gürrüň berýär.
Özbegistanda geçen hepdäniň ýekşenbe güni, ýagny 4-nji dekabrda prezident saýlawy geçirildi. Ýurduň Merkezi saýlaw topary syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilendigini mälim etdi. Merkezi Saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Mirza-Ulugbek Abdusalomowyň aýtmagyna görä, saýlawa 17 million 941 müň saýlawçy gatnaşdy. Bu ugurdaky görkeziji 87,83 göterime deň boldy.
Saýlawyň netijesi boýunça Özbegistanyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Premýer-ministr Şawkat Mirziýoýew 88,61 göterim ses alyp, ýurduň täze döwlet Baştutanlygyna saýlandy. Oňa saýlawçylaryň 15 million 900 müňi ses berdi.
Saýlawda ýurduň raýatlary 9383 saýlaw uçastogynda ses berdiler. Şeýle hem daşary ýurtdaky raýatlaryň hem ses bermek hukugyndan peýdalanmagy üçin 44 saýlaw uçastogy döredildi.
Ýurduň täze Baştutany bolmak üçin Liberal demokratik partiýasyndan Özbegistanyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Premýer-ministr Şawkat Mirziýoýew, Halk demokratik partiýasyndan Hatamjon Ketmonow, Milli demokratik partiýasyndan Sarwar Otamuratow we Sosial demokratik partiýasyndan Narimon Umarow bäsleşdiler.
Saýlawlar baýramçylyk ýagdaýynda geçirildi. Şol gün jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz gatnawlaryny amala aşyrdy. Her bir saýlaw uçastogynyň golaýynda aýdym-saz dabaralary guraldy. Ýurduň raýatlary maşgala bolup, ses bermäge geldiler.
Özbegistandaky saýlawlara ýerli synçylar bilen bir hatarda, daşary ýurtlardan gelen synçylar topary hem gatnaşdylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň başlygy, bu guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew saýlawlara ýokary baha berdiler.
– Özbegistanda saýlaw kanunçylygy ep-esli derejede kämilleşdirilipdir. Raýatlaryň erkin islegine görä, ses bermegi üçin ähli şertler döredilipdir. Olara döwlet baştutanlygyna dalaş edýän dalaşgärler barada doly maglumatlar berlipdir. Dalaşgärler üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde deň mümkinçilikler döredilipdir. Bularyň ählisi syýasy çäräniň işjeň ýagdaýda geçmegine oňyn täsirini ýetirdi – diýip, S.Lebedew belledi.
Mundan başga-da Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar topary hem saýlawlaryň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçendigini mälim etdiler.
Ýurduň täze saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 1957-nji ýylda Özbegistanyň Jizak welaýatynyň Zaamin etrabynda dünýä inýär. 1981-nji ýylda Daşkendiň oba hojalyk mehanizasiýasy hem-de irrigasiýa institutyny tamamlaýar. 1992-nji ýylda syýasy durmuşyna gadam basýar. Ol Daşkendiň etraplarynyň biriniň häkimi wezipesine bellenýär. Soňra ol 1996-2003-nji ýyllar aralygynda Jizak hem-de Samarkand welaýatlarynyň häkimi wezipesinde işleýär. 2003-nji ýylda ýurduň parlamenti döwlet Baştutanynyň teklibi boýunça Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Premýer-ministri wezipesine saýlaýar. Ol şondan bäri bu wezipede zähmet çekip gelýär. 2005-nji ýylyň fewral aýynda ýurduň hökümetiniň başlygy wezipesi bilen bir hatarda, oba-senagat toplumyna-da gözegçilik edýär.