ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma ýur­duň Tä­ze ýyl da­ba­ra­sy üçin otur­dy­lan Baş ar­ça­nyň yşyk­la­ry­ny soň­ky ge­zek ýak­dy. Mu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly da­ba­ra­la­ra ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny öz maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len gat­naş­dy. Şeý­le hem bu da­ba­ra müň­ler­çe adam to­ma­şa et­mä­ge gel­di. Ýur­duň Pre­zi­den­ti bu ýer­de çy­kyş et­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ýur­duň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, şol gym­mat­lyk­la­ryň adam­la­ry bir­leş­dir­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny çy­kyş edip bo­lan­dan soň­ra maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de, “Jing­le Bells” aý­dy­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di.
Bu da­ba­ra 94-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem oňa aý­dym­çy Kel­li Klark­son, akt­ri­sa Ewa Lon­go­ri­ýa we beý­le­ki meş­hur adam­lar gat­naş­dy. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de pop aý­dym­çy­sy Aloe Blek hem-de “Fall Out Boy” rok to­pa­ry çy­kyş et­di.
Ba­rak Oba­ma we onuň maş­ga­la­sy üçin bu da­ba­ra soň­ky res­mi çä­re­le­riň bi­ri bol­dy. Olar ahyr­ky ge­zek döw­let Baş­tu­ta­ny we baş ha­nym de­re­je­sin­de gat­naş­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ba­rak Oba­ma 2017-nji ýy­lyň 20-nji ýan­wa­ryn­da we­zi­pe­si­ni ýur­duň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pa tab­şy­rar.