Ýa­po­ni­ýa bi­len Rus­si­ýa 100 mil­liard ýen (910 mil­li­on dol­lar) möç­be­rin­de bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum gaz­na­sy­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu gaz­na­nyň 2017-nji ýyl­da dö­re­dil­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Bu ba­ra­da Ýa­po­ni­ýa­nyň “Kio­do” res­mi ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Met­bu­ga­tyň ýazmagyna gö­rä, iki ýur­duň hö­kü­me­ti bu gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Bu gaz­na­nyň ha­sa­by­na sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de şä­her­gur­lu­şyk pu­dak­la­ryn­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ol hem ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­na Rus­si­ýa­nyň ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder.
Bu ugur­da­ky yla­la­şy­ga Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň 15-16-njy de­kabr­da Ýa­po­ni­ýa ama­la aşyr­jak sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da gol çe­ki­ler. Mun­dan baş­ga-da sa­pa­ryň çäk­le­rin­de 30-a go­laý res­mi­na­ma gol çe­kil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny 15-nji de­kabr­da Ýa­ma­gu­ti pre­fetk­ru­ra­sy­nyň Na­ga­to şä­he­ri­ne ba­rar. Bu şä­her Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe­niň saý­law ok­ru­gy­dyr hem-de onuň ata-ba­ba­la­ry­nyň dog­duk me­ka­ny­dyr. Şeý­le hem gep­le­şik­ler To­kio şä­he­rin­de-de do­wam eder we on­da, esa­san hem, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.