15-nji dekabrda däp boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynyň başyny Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, dürli aýdym-saz baýraklarynyň köpsanlysynyň eýesi Filipp Kirkorow açdy. Türkmen aýdym-saz muşdaklaryny ençeme gezek begendirip gelýän meşhur aýdymçynyň çykyşy aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ählisine ajaýyp sowgat boldy, aýdymçy ozal birnäçe gezek ýurdumyzda, şol sanda Awazada çykyş edipdi. Türkmen tomaşaçylaryna mundan başga-da daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek konsertler garaşýar.
Her ýyl geçirilýän döredijilik taslamasy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen guralýar. Halkara medeni çäräniň maksady Täze ýylyň öň ýanynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretmek bolup durýar. Täze ýylyň öňýanyndaky konsertleriň iň ýakymly pursatlarynyň biri türkmenistanlylaryň nesilleriniň birnäçesiniň estrada ýyldyzy bilen duşuşygydyr.
Filipp Kirkorow türkmen tomaşaçylary üçin özüniň iň gowy aýdymlaryny getirdi, olaryň köpüsi dünýäde meşhurdyr. Artist türkmen tomaşaçylarynyň özüne nähili sarpa goýýandygyna sport toplumynyň sahnasyna çykanda doly göz ýetirdi, ýygnananlar meşhur aýdymçyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ol tomaşaçylary bu ajaýyp çäre bilen gutlady, tomaşaçylar öz gezeginde her bir aýdymy uly şatlyk bilen garşyladylar.
F.Kirkorow Türkmenistany we türkmenistanlylary tüýs ýürekden mübärekläp, kalbynyň töründen çykýan ýakymly sözleri aýtdy. Aýdymçy ýurdumyzda ýakynda bellenilen Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, hemmelere parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk arzuw etdi.
Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky üýtgewsiz dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirip, aýdymçy iki döwletiň baştutanlarynyň daşary syýasatlarynyň netijeli häsiýetini belledi.
Aşgabatlylar üçin Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan konsertler dowam edýär. Daşary ýurtly estrada ýyldyzlary bilen bir hatarda türkmen aýdymçylary aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda guralan köp öwüşgünli konsert maksatnamalaryny sowgat edýärler. Munuň özi diňe bir şatlyk we ruhubelentlik eçilmän, eýsem, döwlet Baştutanymyzyň döredijilik gatnaşyklaryny döwrebap derejede has-da giňeltmek baradaky asylly başlangyçlarynyň kämil derejede ösdürilýändigini we medeniýetleriň özara düşünişmek ýaly gadymy däpleriniň, ähli gyzykly açyşlara, joşgunly zehinlere baý bolan sungatyň baglanyşygynyň häzirki zamanda yzygiderli dowam etdirilýändigini alamatlandyrdy.