2017-nji ýylyň 12-nji fewraly – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni.
Ýene-de sanlyja günden täze 2017-nji ýyla gadam basarys. 2017-nji ýyl ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylyň fewral aýynda ýurdumyzda Prezident saýlawlary geçiriler. Häzirden saýlawlara ykjam taýýarlanmak babatda köp işler durmuşa geçirilýär.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakynda habar berdi. Häzir milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemäge bagyşlanan maslahaty geçirildi. Dalaşgär hödürlemek düzgüni Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda guraldy.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýokary döwlet wezipesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň görnükli ýolbaşçylyk we guramaçylyk aýratynlyklaryny, milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny we bu babatda ýetilen belent sepgitleri, döwlet işinde toplan uly tejribesini, pikir ýöretmegiň strategik nusgasyny bellediler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýy belende galdy diýlip, biragyzdan bellenildi. Türkmenistanyň Baştutanynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanýan oňyn başlangyçlary, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn syýasy ugrunyň ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylar döwrüň we ýurdumyzyň geljeginiň öňünde ykbal çözüji şu döwürde ähli jogapkärçilik bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek barada çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geňeşi degişli Karary kabul etdi we ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara 2017-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bellenen tertipde dalaşgärlige hasaba almak üçin ugradyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Demokratik partiýasynyň ähli agzalaryna we türkmen halkyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şol Ýüzlenmede ildeşlerimiz 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga çagyryldy.
Dalaşgärleri hödürlemek boýunça möwsüm dowam edýär. 15-nji dekabrda Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek boýunça maslahat geçirdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek meselesine garamagyň barşynda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.
Bu ýerde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, B.Atalyýew Mejlisiň deputaty hem-de örän jogapkärli we tejribeli ýolbaşçy bolup durýar. Salyhatly we işeňňir adam göreldeli maşgalabaşy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen işgärler toparynyň uly abraýyna mynasyp boldy. Onuň bitiren hyzmatlaryny, guramaçylyk ukybyny, ýolbaşçy wezipedäki iş tejribesini belläp, maslahata gatnaşyjylar ony Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan goldadylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň telekeçileri okgunly ösüşe mynasyp goşant goşýarlar.
Soňky ýyllarda olaryň ykdysadyýetde eýeleýän orny pugtalandy we durmuşa geçirýän giň möçberli taslamalarynyň sany has-da artdy. Munuň özi hususy telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi we höweslendirilmegi netijesinde, işjeň häsiýete eýe boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özünde kiçi we orta telekeçiligiň 14,5 müňden gowrak wekillerini jemlemek bilen, olaryň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine has işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň deputatlary milli parlamente hödürlendi.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 17-nji maddasynda “Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär.
Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler” hem-de 45-nji maddasynda “Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr” diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek ýurdumyzda kanunylygyň, demokratiýanyň, islegiňi erkin beýan etmek ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.
Ses bermek çäresi geçirilenden soň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň maslahatynda degişli Karar kabul edildi. Ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugradyldy.
17-nji dekabrda Agrar partiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna öz dalaşgärini hödürlemek boýunça maslahat geçirer.
Häzirki wagtda teklipçi toparlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 10 müňden az bolmadyk gollary ýygnamak bilen meşgullanýarlar. Ol ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenjekleriň her birini bellige almak üçin zerurdyr. 24-nji dekabrda dalaşgärleri bellige almak, soňra bolsa, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.