Öz­ba­şy­na bir pu­da­ga öw­rü­len “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri” film­ler top­lu­my­nyň ha­ta­ry­na ýe­ne bi­ri go­şul­ýar. Ada­ty “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri” ki­no­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­me­ýän bu film 4-nji bö­lüm­den öň­ki wa­ka­lar ba­ra­da söh­bet aç­ýar. Ga­ret Ed­ward­syň re­žiss­ýor­lyk eden fil­min­de esa­sy keşp­le­ri Fe­li­si­ti Jons, Die­go Lu­na, Ben Men­del­son, Don­nie Ýen, Mäds Mik­kel­sen, Alan Tu­dyk, Ži­an Wen, Fo­rest Wi­teý­ker ýa­ly ta­ny­mal ýyl­dyz­lar jan­lan­dyr­ýar. Ýy­lyň iri tas­la­ma­la­ry­nyň bir bo­lan bu ek­ran ese­ri üçin 200 mil­li­on dol­lar­lyk çyk­da­jy edil­di. Fil­miň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri ABŞ-da, Mal­diw­ler­de, Ior­da­ni­ýa­dyr Is­lan­di­ýa­da ge­çi­ril­di. 133 mi­nut­lap do­wam ed­ýän ki­no­nyň sa­zy­ny bel­li kom­po­zi­tor Maýkl Ji­ak­ki­no ýaz­dy. Bi­ler­men­ler­den ýo­ka­ry ba­ha alan fil­miň pro­kat­da 1 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da peý­da bo­lan gah­ry­man­lar to­pa­ry şa­ly­gyň elin­dä­ki güýç­li ýa­rag bo­lan “ýok ediş ýyl­dy­zy­nyň” me­ýil­na­ma­sy­ny al­ma­gyň yşgyna düş­ýär. Bir-bi­ri­ni ta­na­ma­ýan ada­ty adam­lar­dan dü­zü­len to­par üçin bu we­zi­pe diý­seň agyr…

Eý­ýäm­den bir­nä­çe baý­rak ga­za­nan we ki­no sun­ga­ty­nyň iň ýo­ka­ry sy­la­gy bo­lan Os­ka­ryň-da baş da­laş­gä­ri bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan “La-La Lend” saz­ly dra­ma fil­mi­ni ýaş re­žiss­ýor Da­mi­en Şa­zell su­ra­ta dü­şür­di. Ol “Sars­gyn” (Whiplash) fil­mi bi­len geçenki Oskar dabarsynda 3 ugur­dan ýeňiji bolupdy. To­ron­to film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­gy alan “La-La Lend” fil­min­de esa­sy keşp­le­ri akt­ýor Ra­ýan Gos­ling, owa­dan akt­ri­sa Em­ma Stoun, şol san­da aý­dym­çy Jon Le­jend, oskarly J.K. Sim­mons we Ro­se­ma­ri De­Witt da­gy ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, J.K. Sim­mons Şa­zel­liň “Sars­gyn” fil­min­däki keşbi üçin 2-nji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor ug­run­dan Os­kar alyp­dy. 30 mil­li­on dol­lar býu­jet­li ki­no Los An­je­les­de ek­ran­laş­dy­ryl­dy. Mýu­zi­kl (sazly) gör­nüş­li ki­no­nyň sa­zyny Jas­tin Hur­witz ýazdy.
Film­de Los An­je­le­siň dyk­ny­şyk kö­çe­le­ri­niň bi­rin­de ga­bat­la­şan Se­bas­ti­an (Gos­ling) bi­len Mia­nyň (Stoun) öz­le­ri­niň et­sem-goý­sam­la­ry ug­run­da gö­reş alyp ba­r­şy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Se­bas­tia­nyň ar­zu­wy hä­zir­ki dö­wür­de adam­la­ra jaz­z aýdym-sazyny öw­ret­mek we ony söý­dür­mek. Mia­nyň mak­sa­dy-da ar­tist bol­mak…

“Je­ki” at­ly bu fil­mi soň­ky wagt­lar­da şöh­ra­ty art­ýan çi­li­li re­žis-­ýor Pab­lo Lar­ra­in su­ra­ta dü­şür­di. On­da baş keş­bi os­kar­ly akt­ri­sa Na­ta­li Port­man jan­lan­dyr­dy. Ol “Ga­ra guw” fil­mi bi­len Os­ka­ra la­ýyk gör­lüp­di. Şol san­da Gol­li­wu­dyň ta­nal­ýan ar­tist­le­rin­den Pi­ter Sars­gaard, Gre­ta Ger­wig, Jon Hart, Bil­li Kra­dup da­gy hem dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Jon F. Ken­ne­di­niň aýa­ly Je­ki ba­ra­da gür­rüň ber­ýän bu film Pa­riž we Wa­şing­ton şä­her­le­rin­de ek­ran­laş­dy­ryl­dy. Noa Op­pen­haý­myň sse­na­ri­si esa­syn­da taý­ýar­la­nan fil­miň býu­je­ti 9 mil­li­on dol­la­ra deň. Ki­no­tan­kyt­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha ber­len ki­no­nyň bir­nä­çe baý­ra­ga da­laş­gär­di­gi­ni ýat­la­da­lyň. Şeý­le-de bu ek­ran ese­ri, baş keş­bi jan­lan­dy­ry­jy Na­ta­li Port­ma­na 2-nji Os­ka­ry­ny-da ga­zan­dyr­ma­gy müm­kin. Hat­da köp­le­ri­niň pi­ki­ri­ne gö­rä, Port­man ýe­ne bir ýo­la Os­kar heý­kel­ji­gi­ni alar.