Surreýa uniwersitetiniň fizikleri (Beýik Britaniýa) gurşundan ýasalan kanunlar ýygyndysynyň hakykylygyny tassykladylar. Gürrüň demir halkalar bilen berkidilen gurşun plastinalardan ýasalan kitap barada barýar. Onuň ýaşy 2000 ýyl töweregi diýlip çaklanylýar. Kitaby 2008-nji ýylda iordaniýaly çarwa arap Hassan Sed tapypdy. Onuň sahypalarynda Isa pygamberiň adynyň ýatlanylyp geçilmegi alymlaryň ünsüni özüne çekýär.
Fizikler Rojer Uebb we Kris Heýnes dagy kitabyň taýýarlanan materialy bolan gurşunyň esasyndaky erginde himiki seljeriş geçirdiler. Onuň düzümi Angliýanyň Dorset graflygynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan Gadymy Rim plastinalarynyň düzümi bilen meňzeş bolup çykdy. Onuň ýaşynyň hem 2000 ýyl töweregidigi aýdylýar.
Barlag geçirijiler tapyndylaryň ikisiniň hem, takmynan, birwagtda taýýarlanandygyny tassyklaýarlar. Munuň şeýledigini bolsa, onuň poslama prosesiniň deňdigi subut edýär. Izotop seljerişi hem kitabyň bu golaýlarda taýýarlanylmandygyny tassyklady.