Jeb­ran Ha­lil Jeb­ran, arap-ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy.

Tan­kyt­çy­lar
Uzak ýo­la dü­şen bir eşek­li ga­raň­ky dü­şen­li­gi üçin ker­wen­sa­raý­da düş­le­me­li bo­lup­dyr. Ol adam­la­ra, ga­ly­ber­se-de, ga­raň­ky­ly­ga bil bag­lap, beý­le­ki­le­riň edi­şi ýa­ly, eşe­gi­ni gi­rel­gä­niň ag­zyn­da­ky aga­ja bag­lap, ker­wen­sa­ra­ýa gi­rip­dir.
Ýa­ry­gi­je­de, hem­me­ler uka gi­den­de, og­ry ge­lip, sy­ýa­hat­çy­nyň eşe­gi­ne mü­nüp, ol ýer­den ga­ra­sy­ny saý­lap­dyr. Ol ir­den oýa­nan­da eşe­gi­niň ýe­rin­de ýok­du­gy­ny gö­rüp, çuň­ňur gus­sa ba­typ­dyr. Bu ýer­dä­ki­ler onuň da­şy­na üý­şüp, gür­rü­ňe baş­lap­dyr­lar:
– Sen nä­hi­li sam­syk­ly­ga ýol be­rip­siň, heý-de, eşe­gi der­we­zä­niň ag­zyn­da da­ňar­lar­my?! – di­ýip, ola­ryň bi­ri dil­le­nip­dir.
– Iň bol­ma­nda, ony kös­sek­läp bir goý­ma­ly eke­niň-dä? – di­ýip, ýe­ne bi­ri üs­tü­ni ýe­ti­rip­dir.
– Uzak ýo­la eşekde git­me­giň özi hem ba­ryp­ýa­tan sam­syk­lyk ahy­ryn – diýip, üçün­ji bi­ri ga­tyr­ga­nyp­dyr.
– Di­ňe ýal­ta, ýö­rä­si gel­me­ýän­ler eşek mün­ýär­ler – di­ýip, dör­dün­ji­si aý­dyp­dyr.
Bu aý­dy­lan­la­ra geň ga­lan sy­ýa­hat­çy hem­le bi­len şeý­le di­ýen:
– Dost­lar, meň eşe­gi­m-ä ýi­ti­rim et­di­ler, ýö­ne siz biri-bi­ri­ňiz­den öňür­dip, me­niň ha­ta­la­ry­my, ýet­mez­çi­lik­le­ri­mi aýt­ma­ga baş­la­dy­ňyz. Iň geň gal­dyr­ýan ýe­rem, bi­ri­ňi­zem eşe­gi­mi ogur­la­na bir sö­zem aýt­ma­dy­ňyz!

Pyr­lam­paç
Pyr­lam­paç ýe­le şeý­le di­ýen:
– Ýü­re­ge­düş­günç ket­jal ýel, bol­şuň nä­hi­li seň?! Eý­sem, on­dan-oňa iki ýa­na elew­re­män, gö­ni ýü­zü­me öw­süp bil­me­ýäň­mi?! Sen me­niň te­bi­gy dur­nuk­ly­ly­gy­my boz­ýaň.
Ýel hiç hi­li jo­gap ber­män­dir – di­ňe gi­ňiş­lik­de jak-jaklap gü­lüp­dir.

Gar ýa­ly ak ka­gyz
Gar ýa­ly ak ka­gyz şeý­le diý­di:
– Men päk ýa­ra­dy­lan we ömürba­ky päk­li­gi­me hem ga­la­ryn. Men özü­mi haý­sy­dyr bir ga­ra ýa-da ha­pa za­da dö­ze­nim­den, goý, oda aty­la­ýyn hem-de ak­so­wult kü­le dö­ne­ýin. Ma­ňa di­ňe bir gal­taş­ma­ga däl, hat­da go­la­ýy­ma bir ge­lip gör­sün­ler.
Ka­gy­zyň bu aý­dan söz­le­ri­ni sy­ýa çüý­şe eşi­dip, ýü­re­gin­den oňa mys-mys gü­lüp­dir, ýö­ne oňa go­laý­laş­ma­ga we­lin, gaý­ra­ty çat­man­dyr. Onuň bu gür­rüň­le­ri­ni reňk­li ga­lam­lar hem eşi­dip­dir, ýö­ne olar hem onuň go­la­ýy­na bar­ma­ga ýü­rek edip bil­män­dir­ler.
Şeý­le­lik­de, gar ýa­ly ak ka­gyz he­mi­şe­lik pä­ki­ze bo­lup, boş­lu­gy­na ga­ly­be­rip­dir.

Dört dost
Dört dost üs­tün­de bir bul­gur li­mon şi­re­si du­ran sto­luň ba­şyn­da otu­ran eken.
– Göw­nü­me bol­ma­sa, men özü­miň üçün­ji gö­züm bi­len bu iç­gi­niň hoş­boý ysy­nyň haý­sy­dyr bir tä­sin jeň­ňe­liň üs­tün­den uçup bar­ýan guş sü­rü­si ýa­ly gi­ňiş­li­ge ýaý­ra­ýan­dy­gy­ny gör­ýä­rin – di­ýip, ola­ryň bi­ri gop­bam­sy söz­läp­dir.
– Men bol­sam, özü­miň iç­ki gu­la­gym bi­len şol hy­ýa­ly guş­la­ryň nag­ma­sy­ny eşid­ýä­rin. Ola­ryň mu­ka­my ak gül­le­riň öz gül­ýap­ra­jygynda ba­la­ry­sy­ny giz­leý­şi ýa­ly kal­by­my ýe­sir ed­ýär – di­ýip­, ikinji bi­ri ba­şy­ny gal­dy­rypdyr.
– Men bu guş­la­ry öz el­le­rim bi­len sy­pa­la­ýa­ryn – di­ýip, üçün­ji bi­ri­si eli­ni ýo­ka­ry gö­te­rip, göz­le­ri­ni ýu­mup­dyr:
– Men ola­ryň ga­nat­la­ry­nyň uk­lap ýa­tan pe­riş­dä­niň ne­pe­si ki­min bar­mak­la­ry­ma gal­taş­ýan­dy­gy­ny duý­ýa­ryn.
Şol wagt dör­dün­ji­si bul­gu­ry gö­te­rip, şeý­le diý­ýär:
– Wah, dost­la­rym! Me­ge­rem, me­niň gör­şüm, eşi­di­şim, duý­şum ýabygorly öýd­ýän. Bu iç­gi­niň hoş­boý ysy­ny al­ma­ga, ol guş­la­ryň şirin nag­ma­sy­ny diň­le­mä­ge, ola­ryň ga­nat­la­ry­ny nä­hi­li ka­ky­şy­ny duý­ma­ga ýag­da­ýym ýok. Men di­ňe bu iç­gi­niň özü­ni saý­gar­ýa­ryn. Hä­zir men ony nä­me üçin iç­me­li – ol me­niň duý­gu­la­ry­my ýi­tel­der, me­ni si­ziň sag­ly­gy­ňy­zyň be­lent­li­gi­ne çenli gö­te­rer.
Beý­le­ki üçü­si agyz­la­ry­ny öwel­dip, haý­ran­lar ga­l­yşyp, ga­har-ga­zap bi­len oňa jiň­ke­ri­lip se­re­dip­dir­ler. Ola­ryň häl­ki mylaýym duý­gu­la­ryn­dan bol­sa, nam-ny­şan gal­man­dyr.

Söý­gi we ýig­renç
– Men se­ni söý­ýän! – di­ýip, aýa­ly äri­ne aý­dyp­dyr. Äri hem şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Diý­mek, me­niň ýü­re­gim­de se­niň söý­gi­ňe my­na­syp nä­me­dir bir zat­lar bar.
– Eý­sem, sen me­ni sö­ýe­ňok­my? – di­ýip, aýa­ly geňirgenipdir. Ýö­ne adamsy di­ňe oňa çi­ňe­ri­lip se­re­dip­dir, di­lin­den bir sö­zem syp­dyr­man­dyr. Şon­da aýa­ly gy­gy­ryp baş­lap­dyr:
– Men se­ni ýig­ren­ýän!
Adamsy bol­sa, oňa şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Diý­mek, me­niň ýü­re­gim­de se­niň ýig­ren­me­gi­ňe my­na­syp nä­me­dir bir za­dyň bar­dy­gy äş­gär bol­dy.

Sa­ýa
Iýu­n aýynyň yssy gün­le­ri­niň bi­rin­de ot gü­jüm aga­jy­nyň kö­le­ge­si­ne şeý­le di­ýen:
– Sen nä­me üçin my­da­ma öňe-yza yr­gyl­dap dur­suň, seň der­diň­den ýa­ňa ma­ňa hiç ra­hat­lyk ýog-a!
– Bu men däl, as­la men däl – di­ýip, kö­le­ge jedirdäp baş­lap­dyr.
– As­ma­na se­ret­se­ne, şu agaç Gün bi­len Ýe­riň ara­syn­da­ky ýe­le bir gün­do­ga­ra, bi­rem gün­ba­ta­ra yraň at­ýar.
Ot ba­şy­ny gal­dy­ryp, as­ma­na garapdyr. Şon­da onuň na­za­ry il­kin­ji ge­zek da­rag­ta kak­ly­şyp­dyr. Ol öz ýa­nyn­dan şeý­le di­ýip­dir:
– Diý­mek, men­den hem uly ot bardygy barada oýlanmaly bol­jak.
Şun­luk­da, ot sem bo­lup­dyr.

Der­ýa
Äpet der­ýa­nyň su­wy akyp geç­ýän Ka­diş jül­ge­si­niň ug­run­da iki sa­ny ki­çi­jik çeş­me sa­ta­şyp, gür­le­şip baş­lap­dyr­lar:
– Dos­tum, sen haý­sy ýo­ly geç­diň, eý­sem se­niň ge­çen ýo­luň agyr­my – di­ýip olaryň bi­ri­si so­rap­dyr.
– Men ýol­da kän zat­la­ra sa­byr et­me­li bol­dum – di­ýip, ikin­ji jo­gap be­rip­dir. Ha­ra­zyň çar­hy syn­dy, me­niň ha­nam­dan su­wu­my so­wup, ekin­le­ri suwar­ýan daý­han dünýäsini täzeledi. Men kyn­lyk bi­len gyr­man­ça­la­ryň we su­wo­ty­la­ryň için­den özü­me ýol ýa­sa­maly boldum. Eý­sem, sen nä­hi­li ýo­ly geç­diň kär­deş?
– Düý­bün­den baş­ga­ça – di­ýip, bi­rin­ji jo­gap be­rip­dir.
– Men de­pe­le­riň ug­ry bilen, hoş­boý ys­ly gül­le­riň we ýyg­ra leý­li­saç­la­ryň ara­syndan ýüw­rüp bar­ýar­dym: er­kek ki­şi­ler we ze­nan­lar kü­müş bul­gur­la­ry bi­len me­niň su­wu­my su­sup al­dy­lar, kör­pe­ler bol­sa, me­niň ke­na­ry­myň su­wun­da oý­nap he­zil et­di­ler; haý­sy ýer­den geç­sem­de äh­li ýer­den di­ňe gül­ki we şat­lyk­ly aý­dym­lar eşi­dil­ýär­di. Haýp, se­niň ýo­luň­da beý­le he­zil­lik bol­man­dyr!
Şol wagt der­ýa se­si­ni ga­tal­dyp, ola­ry ça­gy­ryp­dyr:
– Ge­liň bä­ri, bä­ri ge­liň! Biz deň­ze ta­rap how­luk­ýa­rys. Me­niň ýa­ny­ma ge­liň, ge­liň me­niň ýa­ny­ma! Köp gür­rüň ge­rek däl. In­di biz bi­le bo­la­rys. Biz deň­ze ta­rap how­luk­ýa­rys. Ge­liň ha­ny, ge­liň! Me­niň ýa­nym­da siz özü­ňi­ziň gus­sa­ly we şat­lyk­ly sy­ýa­ha­ty­ňy­zy unu­dar­sy­ňyz! Ge­liň, bä­ri ge­liň! Bi­ziň äh­li ýol­la­ry­myz unu­dy­lar, biz kyn­lyk bi­len ene­mi­ziň ýü­re­gi­ne – deň­ze ýe­te­ris!

Köpbilmiş we şahyr
Ýy­lan tor­ga­ýa şe­ýe di­ýip­dir:
– Sen hem­me ýer­de uçup ýör­seň-de, dur­mu­şyň şi­re­si­niň gaý­nap çyk­ýan üm­süm ýe­ri – Ze­mi­niň jüm­mü­şi­ne göz aý­lap bil­me­ýär­siň.
– Gör­ýän we­lin, sen ju­da köp bil­ýär­siň – di­ýip, tor­gaý ses­le­nip­dir.
– Men sa­ňa go­wu­sy­ny aý­da­ýyn: sen da­na­la­ryň da­na­sy. Ýö­ne haýp, sen uçup bil­me­ýär­siň!
Ýy­lan bol­sa, ha­ma­la di­ýer­siň, hiç zat eşit­me­dik ýa­ly bo­lan bo­lup, gür­rü­ňi­ni do­wam et­di­rip­dir:
– Ýe­riň jüm­mü­şi sa­ňa el­ýe­ter­li däl, ýe­ras­ty şa­ly­gyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na sen ba­ryp bil­me­ýär­siň. Dek düý­nüň özün­de men la­gyl­ly go­wak­da dynç al­dym. Ol ýer köz ýa­ly na­ryň içine meňzeýär, hat­da kö­reg­si yşy­gyň şöh­le­si hem ony ýal­kym at­ýan bä­gü­le öwür­ýär. Beý­le tä­sin­li­gi men­den baş­ga gö­rüp bil­ýän bar­my­ka eý­sem?!
– Hiç kim – di­ýip, tor­gaý dil­le­nip­dir.
– Sen­den baş­ga hiç kim dö­wür­le­riň dur­naň gö­zi ýa­ly ýa­dy­gär­li­gi­ne gal­ta­şyp bil­mez, ýö­ne haýp sen saý­rap bil­me­ýär­siň!
– Men kök­le­ri ýe­riň jüm­mü­şi­ne uza­ýan da­ragt­la­ry bil­ýä­rin, kim­de-kim ol kök­le­riň ma­za­sy­ny gör­se, As­tar­ta­dan hem gö­zel bol­ýar – di­ýip, ýy­lan sö­zü­ni do­wam et­di­rip­dir.
– Sen­den baş­ga hiç ki­me Ze­mi­niň syr­ly öze­nin­dä­ki ör­tü­gi ýyg­na­mak ba­şart­ma­dy, ýö­ne haýp, sen uçup bil­me­ýär­siň! – di­ýip, tor­gaý jo­gap be­rip­dir.
– Kimde-kim dag­la­ryň as­tyn­dan ýü­wür­ýän gyr­my­zy çeş­mä ba­ryp, on­dan içip gan­sa, Hu­daý­lar ýa­ly öl­mez-ýit­mez bol­ýar – di­ýip, ýy­lan do­wam et­di­rip­dir.
–Ýö­ne ony hiç bir guş, hiç bir haý­wan ag­ta­ryp ta­pyp bil­me­ýär!
– Eger-de is­le­seň, se­nem öl­mez-ýit­mez bo­lup bi­ler­diň, ýö­ne haýp sen saý­rap bil­me­ýär­siň!
– Men gadymy hal­kyň ägirt­le­ri­niň gu­ran go­rag­syz yba­dat­ha­na­la­ry­ny bil­ýä­rin – di­ýip, ýy­lan sö­zü­ni do­wam et­di­rip­dir.
– Kä­wagt Aýyň ýag­ty­sy­na ol ýe­re ba­ryp dur­ýa­ryn: onuň di­war­la­ry­na dö­wür­le­riň, gi­ňiş­li­giň syr­la­ry oýu­lyp ýa­zy­lyp­dyr, kim ola­ry okap dü­şün­se, dür­li-dür­li dü­şün­je­ler­den has ýo­kar­da­ky zat­la­ra akyl ýe­tir­ýär.
– Dog­ru­da­nam, sen is­le­seň, wagt hem gi­ňiş­lik ba­ra­da­ky äh­li bi­lim­le­ri öz in­çe bi­li­ňe gu­şap ba­şa­rar­syň, ýö­ne haýp, sen uçup bil­me­ýär­siň-dä!
Şon­dan soň, ýy­lan sak­la­nyp bil­män­dir.
– Paň­kel­le diý­sä­nim! – di­ýip, ýig­renç bi­len jy­zyr­dap, öz hi­ni­ne süý­re­nip gi­rip gi­dip­dir.
– Haýp, me­niň da­nam, saňa saý­ra­mak be­ril­män­dir. Haýp, nä­hi­li haýp, sen uçup hem bi­le­ňok! – di­ýip, tor­gaý ganat kakyp bar­şy­na hiň­le­nip­dir.

Do­lan Aý
Oba­nyň üs­tün­de peý­da bo­lan do­lan Aýy, äh­li it­ler üý­rüp gar­şy alyp­dyr.
Ola­ryň di­ňe bi­ri­si üýr­män, beý­le­ki­le­re ag­ras we sa­da se­si bi­len ýüz­le­nip, şeý­le di­ýen:
– Gi­jä­niň üm­süm­li­gi­ni boz­maň! Ba­ry­bir si­ziň üz­nük­siz üýr­me­gi­ňiz bi­len Aý Ýe­re gon­maz.
Şon­dan soň it­ler üýr­me­si­ni go­ýup­dyr­lar.
Ýö­ne şol pent be­ren it bü­tin gi­je üm­süm­li­ge ça­gy­ryp, dyn­man üý­rüp du­rup­dyr.

Gur­ba­ga­lar
Bir sa­par to­mus gün­le­ri­niň bi­rin­de er­kek gur­ba­ga aýa­ly­na şeý­le di­ýip­dir:
– Biz ke­na­r ýakasyndaky ýa­şa­ýan adam­la­ra öz gi­je­ki warkyldymyz bi­len päs­gel ber­ýän­di­ris öý­düp, ala­da ed­ýä­rin.
– Eý­sem, ola­ram öz gal­ma­gal­la­ry bi­len bi­ziň rahatlygymyzy bo­za­nok­lar­my nä­me?! – di­ýip, aýa­ly nä­ra­zy­lyk bil­di­rip­dir.
– Ýö­ne biz bü­tin gi­je aý­dym aý­d­ýa­rys ahy­ryn.
– Ola­ram uzak gün­läp, dyn­man ýaň­ra­ýar­lar, gy­kylyk edýärler!
– Men öz çir­kin warkyl­dym bi­len bü­tin tö­we­re­giň ýü­re­gi­ne düş­ýän bol­sam ge­rek.
– O da­gy hiç­le, kölüň kenaryna gelýänlere nä­me diý­jek, ola­ram şu ke­na­ra ge­len­le­rin­de ala­wa­gyr­dy­la­ry bi­len bü­tin je­le­ga­ýy dol­dur­ýar­lar – di­ýip, aýa­ly gar­şy çy­kyp­dyr.
Şon­da er­kek gur­ba­ga şeý­le di­ýip­dir:
– Şo­nuň üçin goý, bi­zi beý­le adam­la­ra meň­zet­me­sin­ler, özü­mi­zi edep­li alyp ba­ra­ly! Hat­da Aýam biz­den aý­dym, ýyl­dyz­lar bol­sa, üz­nük­siz owaz ta­lap et­se­le­r-de, gi­je­le­ri­ne dy­ma­ly we öz aý­dym­la­ry­my­zy kal­by­myz­da sak­laly! In­di­ki gi­jä çen­li, müm­kin, ýe­ne-de üç gi­je­läp dy­ma­rys.
– Bol­ýa, gür­leş­dik! Se­niň pä­him-paý­ha­syň bi­ze nä­çe­räk gym­ma­da düş­ýän­di­gi­ni gö­re­li! – di­ýip, aýa­ly jo­gap be­rip­dir.
Şol gi­je gur­ba­ga­lar sem bo­lup­dyr­lar, olar in­di­ki gi­je hem ses-üýn çy­kar­man­dyr­lar, bu ýag­daý üçün­ji gi­je hem do­wam edip­dir.
Geň ýe­ri, üçün­ji gün diý­len­de, kö­lüň ke­na­ryn­da­ky öý­de ýa­şa­ýan ýaň­ra aýal­la­ryň bi­ri er­tir­lik edi­nip otyr­ka, äri­niň ýa­nyn­da zeý­re­nip­dir:
– Soň­ky üç gi­je­ kir­pi­gi­mi-kir­pi­gi­me gat­man ge­çir­dim. Mun­dan öň gur­ba­ga­la­ryň gur­rul­dy­sy­na go­wy ýat­ýar­dym. Gör­ýän we­lin, ola­ry bir al ka­kyp­dyr. Eý­ýäm, üçün­ji gi­je olar war­kyl­da­nok­lar. Men in­di uku­syz­lyk­dan ýa­ňa aky­lym­dan aza­şyp bar­ýan!
Er­kek gur­ba­ga bu gür­rüň­le­ri eşi­dip, aýa­ly­na ba­kyp gö­zü­ni gy­pyp, şeý­le di­ýip­dir:
– Biz dym­mak­­dan ýa­ňa tas aky­ly­myz­dan aza­şyp­dyk, şeý­le däl­mi?!
– Nä­si­ni aýd­ýaň, waý-eý, bü­tin gi­je­läp, se­si­ňi çy­kar­man otur­mak­dan er­bet zat ýok eken! In­di bi­ze gal­ma­ga­ly bi­len öz ruhy boş­lu­gy­ny dol­dur­ýan­la­ryň göw­nü­ni gör­jek bo­lup, war­kyl­da­mak­dan as­la ýüz öwür­me­li däl­di­gi­miz bel­li bol­dy – di­ýip, aýa­ly jo­gap be­rip­dir.
Şol gi­je ola­ryň aý­dym aýt­ma­gy, üz­nük­siz owa­zy üçin Aýyň we ýyl­dyz­la­ryň ýö­ne ýe­re pet­reş­män­di­gi bel­li bo­lup­dyr.

Ter­ji­me eden
Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew. “Za­man-Türk­me­nis­tan”.