Ýurdumyzyň we halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýän pursatlarynda paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli ýerli hem-de daşary ýurt estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertleri geçirildi.
Paýtagtymyzyň ajaýyp künjegindäki Sportuň gyşky görnüşleri toplumynda guralan baýramçylyk konsertlerinde Russiýanyň belli aýdymçysy Filipp Kirkorowyň, Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozodbek Nazarbekowyň, Russiýa Federasiýasynyň belli aýdymçysy, sahna lakamy Ýolka bolan Elizaweta Waldemarowna Iwansiwiň we meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandalyň konsertleri türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy.
Daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlarynyň hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygy bolan Täze ýyl mynasybetli guraýan konsertleri aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň meýdançasynda guralan konserte müňlerçe adamlar tomaşa etdiler.
Meşhur estrada ýyldyzlary türkmen topragynda özlerine bildirilen myhmansöýerlik we sungata goýulýan sarpa we Türkmenistanda guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdiler.
Daşary ýurtly sungat ussatlaryndan Ozodbek Nazarbekow hormatly Prezidentimiziň sözüne we sazyna döredilen “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Türk ýyldyzy Mustafa Sandal özüni edil ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp şygyryndan we owazyndan dörän “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi.