taliýanyň parlamenti ýurtda hereket edýän bank edaralarynyň kynçylyklardan baş alyp çykmagy üçin döwlet tarapyndan 20 milliard ýewro möçberinde serişde bölüp bermek baradaky teklibini goldady. Mejlisiň deputatlarynyň arasynda bu mesele boýunça ses berişlik geçirildi.
Ýurduň mejlisiniň ýokary palatasy hasaplanýan senatyň düzümindäki deputatlaryň 221-si bu teklibi goldap, çykyş etdiler.
Döwlet tarapyndan banklara bölünip beriljek pul serişdeleri täzeden kapitallaşdyrmak üçin peýdalanylar. Ýurduň hökümetiniň bu ugurdaky işleri döwletiň bank ulgamynyň işini has-da işjeňleşdirmekden ybaratdyr.