Hytaýyň iri aragatnaşyk kompaniýasy “China Mobile” 2020-nji ýylda müşderilerine internetiň 5G ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Li Ýueniň ýerli metbugata beren beýanatynda bellenip geçilýär.
3 ýyl mundan ozal, kompaniýa aragatnaşygyň bu ulgamynyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Tamamlanýan ýylda bu ugurda ilkinji synag işleri geçirildi. 2017-2018-nji ýyllarda-da bu synag işleri dowam etdiriler. 2020-nji ýylda bolsa, ony doly ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin täze ykjam telefonlaryň hem öndürilmegi göz öňünde tutulýar.
Internetiň 5G ulgamy arkaly 1 gigabaýt ululygyndaky maglumaty 1 sekuntda almaga mümkinçilik bolar. Bu görkezijiniň häzirki 4G ulgamyndan 20-50 esse has çaltdygy aýdylýar. “China Mobile” kompaniýasy hyzmatdaşlary “Huawei” we ZTE kompaniýalary bilen bu ulgamy ornaşdyrmak üçin bilelikde, dürli taslamalary durmuşa geçirýär. “China Mobile” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, 4G durmuşy üýtgetdi, 5G bolsa ähli jemgyýeti üýtgeder.
“China Mobile” kompaniýasy 1997-nji ýylda döredildi. Ol häzir ýurduň iň iri aragatnaşyk kompaniýasydyr we onuň müşderileriniň sany 1 milliarddan gowrakdyr.